Türkmenistanyň Prezidenti öz doglan gününde ýakyn egindeşleriniň gutlaglaryny kabul etdi

0
619
0
0

29-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow doglan güni mynasybetli öz egindeşlerinden - Mejlisiň Başlygyndan, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryndan, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryndan gutlaglary kabul etdi.

Bu ýere ýygnananlar döwlet Baştutany ähli türkmenistanlylaryň adyndan mähirli we tüýs ýürekden gutlap, milletiň Liderine berk jan saglyk, uzak ömür hem-de köp ugurly döwlet işlerinde täze üstünlikler arzuw etdiler.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri öz ruhlandyryjysy — Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady bilen berk bagly bolup, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň  halkara abraýyny täze belentliklere çykaran syýasy, ykdysady, medeni — gumanitar ulgamlarda gazanylan üstünliklere beslenendir.

Ýurdumyz oňyn özgertmeler ýoluna düşüp, batly depginler bilen öňe gitdi hem-de dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna çykdy. Milletiň agzybirligi we öz Lideriniň daşyna mäkäm jebisleşmegi netijesinde, Türkmenistan özygtyýarly  ösüşiň we ägirt uly durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýoly bilen öňe tarap ynamly gadam urýar. Şol özgertmeleriň many-mazmuny bolsa “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda öz beýanyny tapýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga we türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen tutanýerli zähmeti diňe ýurdumyzda däl-de, eýsem, onuň çäklerinden alyslarda hem uly hormat döretdi. Bu gün türkmen Lideriniň — halkara syýasatynda möhüm orun eýeleýän häzirki zamanyň  görnükli syýasatçysynyň we özgerdijisiniň ady bütin dünýäde tanalýar. Şunda Türkmen döwletiniň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna hem-de döwrüň möhüm sebit we dünýä möçberindäki meselelerine  ägirt uly goşandyna ýokary baha berilýär.

Bu ýere ýygnananlar milletiň Lideriniň alyp barýan netijeli daşary syýasatynyň dünýäniň köp döwletleri, abraýly halkara guramalary we düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna ýardam edendigini bellediler. Bu syýasat ýurdumyzyň ägirt uly  geosyýasy, ykdysady, serişde we adam kuwwatyny doly peýdalanmagyny ugur edinýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly häsiýete eýe bolan içeri syýasaty hem türkmenistanlylaryň aýratyn  buýsanjy bolup durýar. Türkmenistan gurply, ösen ykdysadyýetli döwlet bolmak bilen, adamy döwletimiziň we jemgyýetimiziň baş gymmatlygy diýip yglan etdi hem-de durmuş goraglylygynyň kuwwatly ulgamyny döretdi. Döwletimiz ýaşululara we maýyplara, ýaş maşgalalara hemmetaraplaýyn goldaw berip, jemagat hojalygy hyzmatlarynyň töleginde uly ýeňillikleri döretdi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisinde milletiň Lideri geçen ýyllarda bolşy ýaly, geljek ýyl üçin Döwlet býujeti düzülende zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we talyp haklarynyň 10 göterim artdyrylmagyny göz öňünde tutmagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Döwlet maksatnamalarynyň, şol sanda "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň"  yzygiderli amala aşyrylmagy netijesinde, ýurdumyzyň alys künjekleri hem tanalmaz derejede özgerdi. Olarda her ýyl senagat we durmuş maksatly desgalaryň ýüzlerçesi ulanmaga berilýär. Sebitleri abadanlaşdyrmak  boýunça geçirilýän giň gerimli çäreleriň çäklerinde ähli ýerlerde ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary gurulýar, ýol-gurluşyk we ulag-aragatnaşyk ulgamlary okgunly depginler bilen ösdürilýär, täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen iri senagat toplumlary döredilýär.

Ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň agzalary adamlar barada atalyk aladasy we olaryň gündelik aladalaryna berýän ünsi üçin watandaşlarymyzyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milletiň Lideriniň şahsy göreldesinden ruhlanyp hem-de ähli bilimlerini we tejribelerini Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly maksatlaryny we wezipelerini  amala aşyrmaga gönükdirip, geljekde hem mähriban halkymyza hem-de eziz Watanymyza birkemsiz gulluk etjekdiklerine ynandyrdylar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, egindeşleriniň sazlaşykly işine ýokary baha berdi hem-de ýurdumyzyň saýlap alan innowasion ösüş ýoly bilen öňe tarap ynamly gadam urjakdygyna ynam bildirdi. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru