Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti “Thales Alenia Space” kompaniýasynyň prezidentini, baş direktoryny kabul etdi

23:0829.06.2015
0
3032

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Thales Alenia Space” kompaniýasynyň prezidenti, baş direktory jenap Žan-Loik Gally kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi we Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady hem-de türkmen Liderine jan saglyk we köptaraply işlerinde üstünlikleri  tüýs ýürekden arzuw etdi. Işewüriň belleýşi ýaly, “Thales Alenia Space” kompaniýasy ykdysady ösüşiniň ajaýyp depginlerini görkezýän hem-de dünýäde döredijilikli ösüş syýasaty bilen tanalýan Türkmenistanyň hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyna buýsanýar.  

Döwlet Baştutany gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet durmuşynyň ähli esasy pudaklaryny düýpli özgertmegiň uly möçberli strategiýasyny tapgyrlaýyn durmuşa geçirip, Türkmenistanyň giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we dünýäniň işewür toparlarynyň wekilleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn üns berýändigini nygtady.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tehnologiýaly elektron ulgamlaryny, şol sanda awiasiýa hem-de kosmos tehnikalary üçin elektron ulgamlaryny işläp düzmekde we öndürmekde öňdebaryjy bolan “Thales Alenia Space” kompaniýasynyň ýurdumyzyň ozaldan gelýän hem-de ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridigini belläp, ynanylan taslamalary durmuşa geçirmäge jogapkärli çemeleşýändikleri üçin minnetdarlyk bildirdi. 

Myhman ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada bolan pikir alyşmalaryň barşynda Türkmenistanyň Baştutanyna bilelikdäki taslamalaryň öňe ilerledilişiniň barşy barada habar berdi. Işewüriň belleýşi ýaly, onuň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy geljegi uly türkmen bazarynda bolmagyny giňeltmäge gyzyklanma bildirýär. Şu babatda jenap Žan-Loik Gall netijeli hyzmatdaşlygy, şol sanda milli kosmos ulgamy üçin hyzmat ediş hem-de ýokary hünär derejeli inžener-tehniki işgärleri taýýarlamak babatda, şeýle hem oba hojalyk ekinlerine gözegçilik etmek meseleleri boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen baglanyşykly birnäçe tekliplerini aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda jenap Žan-Loik Gall wagt tapyp, kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, “Tales” kompaniýasynyň bildirilen ynamy ödemek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny aýtdy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň