Soňky habarlar

Arhiw

Pekinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilhanasy açylar

15:4829.06.2015
0
3386

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň maýynda Hytaýa bolan döwlet saparynyň barşynda beren tabşyryklaryna laýyklykda, Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilhanasyny açmak boýunça işler alnyp barylýar.

TSTB-siniň wekilhanasy söwda däl guramasy hökmünde hereket eder. Onuň esasy maksady ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekden, iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda ýygy gatnaşyklary ýola goýmakdan, türkmen telekeçilerine HHR-iň söwda-ykdysady kanunçy we bu ýurtda hereket edýän degişli kadalaryň hem düzgünleriň öwredilmegine ýardam berilmegini, söwdany ýöretmegiň dürli habarlar we maslahatlar hyzmatlaryny almaklaryny gazanmakdan ybarat bolup durýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň telekeçileriniň alyp barýan işleri Hytaýyň dürli sebitlerini, şol sanda Pekin, Şanhaý, Çingdao, Urumçy, Çinghaý welaýatyndaky Hanjou ýaly iri şäherleri öz içine alýar. Birleşigiň wekilhanasynyň açylmagy özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gelejegi uly ugurlaryny kesgitlemek bilen bagly meseleleri toplumlaýyn çözmäge kömek eder.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň daşary ýurtdaky ilkinji hususy wekilhanasynyň açylmagy ýurdumyzyň söwdasynyň derejesiniň ýokarlanmagyna, öz işlerinde dünýä tejribesini ulanmagyna, özara halkara işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam berer.      

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň