Soňky habarlar

Arhiw

Bakuwda taryhda ilkinji Ýewropa oýunlary tamamlandy

09:3429.06.2015
0
3153

Ýekşenbe güni Azerbaýjanyň paýtagtynda taryhda ilkinji Ýewropa oýunlary resmi taýdan tamamlandy. Ýapylyş dabarasy Bakuwyň Olimpiýa stadionynda geçirilip, onda Oýunlaryň alawy öçürildi.

Indiden beýläk her dört ýyldan bir gezek guraljak Ýewropa oýunlary Bakuwda 12—28-nji iýun aralygynda geçirildi.

Umumytoparlaýyn hasapda Russiýanyň ýygyndysy ýeňiji boldy. Bu topar Bakuwda 79 altyn, 40 kümüş we 45 bürünç medal gazandy.

Ikinji orny ýer eýeleri — Azerbaýjanyň topary (21-15-20), üçünji ýeri bolsa Beýik Britaniýanyň ýygyndysy (18-10-19) eýelediler.

Biraz öňräk Russiýa Federasiýasynyň sport ministri Witaliý Mutko RIA Nowosti agentligine beren beýanatynda Russiýanyň ýygyndysynyň çykyşyna teswirleme berdi.

“Umuman, sportuň köp görnüşi boýunça diýseň gowy çykyş etdiler. Bakuwda tejribeli türgenlerem, ýaşlaram boldy. Ýöne men öňem aýdypdym, Ýewropa oýunlary, munuň özi indiki ýylyň uly wakalaryna, Riodaky Olimpiada taýýarlyk diýen ýaly. Gowşamaly däl, öňe tarap hereketi dowam etdirmeli. Ýakyn wagtda Bakuwdaky netijeler boýunça federasiýalaryň başlyklaryny ýygnarys. Çünki türgenleriň eli degmez, olaryň şeýle-de ýüki ýetik bolansoň, ünsüni bölesimiz gelenok” — diýip, Mutko aýtdy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň