Soňky habarlar

Arhiw

“Altyn asyr” altyn medal ugrundaky esasy duşuşykda ýeňiş gazandy

00:2529.06.2015
0
7116

Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň ýokary ligasynda esasy oýunlaryň biri  Balkanabatda geçdi. Altyn medal ugrunda göreşýän “Altyn asyr” hem “Balkan” bilen duşuşdy.

Birinji ýarym myhmanlaryň artykmaçlygynda geçdi we diňe derwezeçi Alikper Kerimowyň ussatlygy netijesinde hasap açylmady.

Ikinji ýarymyň başynda hasap açyldy. 48-nji minutda Amir Gurbany “Balkany” öňe çykardy — 1:0. 85-nji minutda “Altyn asyryň” kapitany Ahmet Ataýew hasaby deňledi— 1:1. Bu pökgi ýer eýelerini gutarnykly özünden çykardy. Netijede Ahmet Ataýewiň we Selim Nurmyradowyň gollary myhmanlara ýeňiş getirdi — 1:3.

“Balkanyň” ýeňlişinden “Aşgabat” peýdalandy. Paýtagtyň adybir topary Berdi Şamyradow bilen Ruslan Gurbanowyň (hersi iki gol) gollaryndan soň, 4:1 hasabynda “Energetikden” üstün çykdy we ikinji orna golaýlady.

HTTU-dan 2:3 hasabynda üstün çykan “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň “Ahaly” dördünji orna geçdi. Bu oýna AFK-nyň eminler komitetiniň wekili katarly Josim Muhamediň gatnaşandygy bellärliklidir. Ol FIFA-nyň emini bolmaga synag tabşyrýan duşuşygyň baş emini Jumamyrat Jumamyradowyň işine baha bermek üçin ýörite Aşgabada gelipdir.

Baýramalyda “Merwiň” 1:0 hasabynda asgyn gelen “Şagadam” bassyr ikinji gezek ýeňildi. Ýeke-täk pökgini 90-njy minutda Toýly Goçnazarow geçirdi.

Ýurdumyzyň demirgazyk welaýatyna wekilçilik edýän topar bolsa 14 duşuşykdan soň ilknji ýeňşini gazandy. “Daşoguz” garaşylmadyk ýagdaýda “Hazynany” ýeňlişe sezewar etdi — 2:1.

16 tapgyryň duşuşyklary 30-njy iýunda geçiriler. Şol gün öňdebaryjy “Altyn asyr” “Aşgabat” bilen, ikinji orunda barýan “Balkan” bolsa myhmançylykda “Ahal” bilen duşuşar.

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşyklaryň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

"Daşoguz" – "Hazyna" – 2:1 (0:0)

27-nji iýun. Daşoguz. «Sport toplumy». 500 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Elzar Gurbanow 50, Yhlas Aýmämmedow 90+3 – Guwanç Abylow 90.

Duýduryş alanlar: Döwran Seýidow 13, Yhlas Allaberdiýew 83, Yzzat Hudaýbergenow 89 – Ýeňiş Seýdiýew 38, Begli Annageldiýew 58.

Emin: Berdi Nyýazmyradow.

Duşuşygyň inspektory: Jamil Mamedow.

 

"Aşgabat" – "Energetik" – 4:1 (1:1)

27-nji iýun. Aşgabat. «Aşgabat» stadiony. 50 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Berdi Şamyradow 26, 62, Ruslan Gurbanow 47, 73 – Begenç Ýazberdiýew 37.

Duýduryş alanlar: Merdan Gurbanow 85 ("Aşgabat").

Emin: Maksat Seýitgulyýew.

Duşuşygyň inspektory: Batyr Orazsähedow.

 

"Balkan" – "Altyn asyr" – 1:3 (0:0)

27-nji iýun. Balkanabat. «Sport toplumy». 1 500 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Amir Gurbany 48 – Ahmet Ataýew 85, 90+1, Selim Nurmyradow 90+5.

Duýduryş alanlar: Batyr Atamämmedow 38, Begenç Annagurbanow 53, Myrat Ýagşyýew 71, Daýanç Orazgulyýew 90+4 – Nazar Çöliýew 40, Bagtyýar Hojaahmedow 55, Ahmet Ataýew 73, Şöhrat Söýünow 85, Süleýman Muhadow 90+4.

Emin: Ruslan Ereşow.

Duşuşygyň inspektory: Eldar Ramazanow.

 

"Merw" – "Şagadam" – 1:0 (0:0)

27-nji iýun. Baýramaly. «Sport desgasy». 100 tomaşaçy.

Pökgini geçiren: Toýly Goçnazarow 90.

Duýduryş alanlar: Merdan Saparow 11, Jemşit Orazmuhammedow 88 – Annageldi Weliýew 90+4. 

Emin: Begenç Allaberdiýew.

Duşuşygyň inspektory: Geldi Öwezow.

 

HTTU – "Ahal" – 2:3 (1:1)

27-nji iýun. Aşgabat. Halkara türkmen türk uniwersitetiniň stadiony. 300 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Pirmyrat Soltanow 44, Nurýagdy Muhammedow 76 – Begli Meredow 1, Altymyrat Annadurdyýew 59, 79.

Duýduryş alanlar: Wezirgeldi Ylýasow 34, Akmyrat Jumamyradow 58, Dawid Sarkisow 82, Gurbangeldi Batyrow 87 – Begli Meredow 21, Mihail Titow 39.

Emin: Jumamyrat Jumamyradow.

Duşuşygyň inspektory: Hudaýnazar Rejepow.

15-nji tapgyrdan soň toparlaryň ýerleşiş tertibi 

Iň köp pökgi geçirenler:

Myrat Ýagşyýew (“Balkan”) – 18 pökgi (2 – 11 mertlik urgudan)

Süleýman Muhadow (“Altyn asyr”) – 16.

Hemra Amanmämmedow (“Şagadam”) – 11 (5).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň