Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabat şäherinde täze metjidiň düýbi tutuldy

04:3827.06.2015
0
5359

26-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenabat şäherinde welaýatyň täze metjidiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Täze desganyň umumy meýdany 5 gektara barabar bolar. Metjidiň binasy iki gatdan ybarat bolar. Birinji gatyň meýdany 3 müň 590 inedördül metre, ikinji gatyň meýdany bolsa 886 inedördül metre deňdir. Onuň gümmez böleginiň beýikligi 40 metre, dört minaranyň her biriniň uzynlygy bolsa 63 metre barabar bolar. Onuň golaýynda 500 orunlyk sadaka berilýän jaýy, şeýle hem 50 orunlyk myhmanhanany we awtoduralgany gurmak göz öňünde tutulýar. Metjidiň çäginde şeýle hem 300-den gowrak awtoulaga niýetlenen iki sany uly duralgany gurmak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow   ýörite taýýarlanan meýdança barýar we geljekki metjidiň düýbüniň tutuljak ýeriniň binýadyna betonyň ilkinji pilini atyp, gurluşyga badalga berýär. Dabara gatnaşyjylaryň ählisi hem döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, bu dessury berjaý edýärler.

Soňra Türkmenistanyň Baştutany Türkmenabat şäherindäki welaýat medeniýet merkeziniň “Dabaralar  jaýyna” barýar. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mukaddes Oraza aýy mynasybetli agzaçar sadakasyny berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň