Soňky habarlar

Arhiw

Serdarabat etrabynda täze çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi açyldy

04:2927.06.2015
0
5731

26-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparynyň çäginde Serdarabat etrabyndaky çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezini açyp, ulanmaga berdi. Çagalar dynç alyş zolagynyň desgalary 5 gektara golaý  meýdanda  ýaýylyp gidýär. Olarda çagalaryň birbada 300-si dynç alyp biler. Ýaş türkmenistanlylar üçin  döwrebap toplum hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda gurluşyk ulgamynda işleýän türkmen telekeçileri — “Nahal” we “Perhar” hojalyk jemgyýetleri  tarapyndan guruldy.

 Çagalar sagaldyş merkezinde oňaýly ýatylýan jaýlardan başga-da, mejlisler zaly bolan medeni merkez, kompýuter otaglary çagalaryň ygtyýaryndadyr. Bu ýerde şeýle hem 300 orunlyk kinoteatr, 115 orunlyk amfiteatr bar.

Aýratyn binalarda naharhana, dürli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürleýän lukmançylyk merkezi ýerleşýär. Özboluşly akwapark hem çagalaryň hyzmatyndadyr. Döredijilik bilen meşgullanýan çagalar, aýdym-saz studiýasynda, fotolaboratoriýada, halk we çeper senetçilik boýunça sapaklarda öz zehinlerini açyp bilerler. Aýry-aýry otaglar dürli gurnaklaryň işlemegi, stoluň üstünde oýnalýan oýunlar, tennis, şaşka, küşt boýunça sapaklary geçirmek üçin ýörite enjamlar bilen enjamlaşdyrylypdyr. 

Çagalar şäherjiginde saglygy berkitmek üçin hem ähli şertler döredilipdir.  Täze sagaldyş merkeziniň abadanlaşdyrylan çäginde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin enjamlaşdyrylan meýdançalaryň birnäçesi ýerleşýär. Suw attraksiony, açyk we ýapyk suw howdanlary, futbol meýdançasy, tennis korty, woleýbol, basketbol, gimnastika, ýeňil atletika  meýdançasy – bularyň ählisi bu ýerde gyzykly ýaryşlary geçirmäge mümkinçilik berýär.

Özboluşly girelge derwezesiniň öňünde uly awtoduralga ýerleşdirildi. Çagalar sagaldyş merkezi özbaşdak durmuş üpjünçilik ulgamy bilen üpjün edildi.  Merkeziň gurluşygynda döwrebap şähergurluşyk ulgamynda öňdebaryjy gazananlar  we milli binagärligiň gadymy däpleri ulanyldy. Binalaryň ählisi amatly geçelgeler we  pyýadalar üçin niýetlenen ýodajyklar bilen birleşdirildi.  Köpsanly baglar, özboluşly dynç alynýan ýerler, oýun meýdançalary, haýwanlaryň şekilleri bilen bezelen ýodajyklar we köprüjikler toplumyň çägine aýratyn öwüşgin çaýýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň