Soňky habarlar

Arhiw

Garabekewül etrabynda tohumlyk çigidi gaýtadan işleýän pagta arassalaýjy kärhana işe girizildi

04:2627.06.2015
0
10370

26-njy iýunda Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynda tohumlyk pagtany gaýtadan işlemäge niýetlenen pagta arassalaýjy kärhananyň binalar toplumy açylyp, ulanylmaga berildi. Onuň işine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ak pata berdi. Täze kärhana “Türkmenpagta” döwlet konserniniň buýurmasy boýunça “Engin Group Consorsium Ltd.” kompaniýasy tarapyndan bina edildi.

 Kärhananyň umumy meýdany 17 gektara golaý bolup, onuň düzümine dolandyryş binasy, tohumlyk çigidi arassalaýan önümçilik bölümi, şeýle hem her biriniň sygymy 5 müň tonna bolan iki sany ammar, 15 müň tonna tohumlyk çigit saklamaga niýetlenen ammar, 7 müň tonna ýokary hilli tohumlyk çigit saklamak üçin ammar we beýleki zerur kömekçi desgalar girýär.  Kärhananyň toplumynyň esasy bölegi çig maly kabul etmek üçin niýetlenendir. Kärhana welaýatyň ekerançylaryny ýokary hilli tohum serişdeleri bilen üpjün eder. Welaýatyň 120 müň gektardan ybarat bolan pagta meýdany üçin 3 müň 600 tonna tohumlyk çigit zerur bolup durýar.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz “Engin Group Consorsium Ltd.”  kompaniýasynyň ýolbaşçysy Engin Kaleni kabul etdi. Tohumlyk pagtany gaýtadan işlemek boýunça pagta arassalaýjy täze kärhanalaryň gurluşygynda baş potratçy hökmünde çykyş eden kompaniýanyň ýolbaşçysy  milli Liderimizi pudagyň nobatdaky desgasynyň işe girizilmegi bilen gutlap, ýurdumyz üçin örän möhüm bolan şunuň ýaly taslamany amala aşyrmaga bildirilen ynam üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň