Arhiw

«Aýna» operasynyň ilkinji görkezilişi boldy

04:2327.06.2015
0
3374

26-njy iýunda Türkmenabat şäherindäki Ruhyýet köşgünde “Aýna” operasynyň ilkinji görkezilişi boldy.

Däp bolşy ýaly, täze operanyň ilkinji görkezilişi Türkmenistanda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe gabatlanyldy. Medeniýet we sungat işgärleriniň güni 2008-nji ýylyň 27-nji iýunynda—milli sungatymyzyň taryhyna türkmen operasynyň gaýtadan dikeldilen senesi hökmünde giren gününde döredildi.

Mälim bolşy ýaly, bu operanyň sazyny zehinli kompozitorlar Daňatar Öwezow we Adrian Şapoşnikow bilelikde döretdiler, librettosynyň awtory bolsa Güseýn Muhtarowdyr. Bu operanyň ilkinji görkezilişi 1957-nji ýylda bolupdy. Bu sahna oýny türkmen halyçy gyzlarynyň durmuşy we zähmeti barada gürrüň berýän ilkinji operadyr. “Aýna” operasynyň täze görnüşiniň awtorlary meşhur sahna oýnunyň sazyny we sýužetini esas hökmünde ulanyp, onuň üstünde täzeden döredijilikli işlediler we häzirki zaman tomaşaçysyna ýakyn bolmagyny üpjün etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň