Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabady ösdürmegiň 15-nji tapgyrynyň taslamalaryna badalga berildi

03:1827.06.2015
0
1152

10-njy iýunda paýtagtymyzda häzirki zaman ölçeglerine  laýyk gelýän iri ýaşaýyş toplumynyň – Aşgabady ösdürmegiň 15-nji tapgyrynyň taslamalaryna badalga berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2015-nji ýylyň aprel aýynda gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň,  Aşgabat şäheriniň häkimliginiň ýerli gurluşyk kärhanalary bilen paýtagtymyzy ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň binalaryny we düzümleýin desgalaryny taslamalaşdyrmak hem-de olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak boýunça şertnama baglaşyldy.  Seýdi we Mollanepes köçeleriniň ugrunda ýerleşýän desgalaryň gurluşygy 2016-njy ýylyň ahyryna çenli tamamlanar.

Taslama laýyklykda, 12 gatly 72 we 48 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 18-si gurlar. Bu ýerde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň, Demir ýol ulaglary, Bilim ministrlikleriniň, Aşgabat şäher häkimliginiň, Senagat, Gurluşyk we binagärlik, Jemagat hojalygy ministrlikleriniň buýurmalary esasynda binalar gurlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmasy esasynda oňa degişli gurluşyk kärhanalary tarapyndan 3 we 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 16-sy, 208 sany iki gatly kottež jaýlary hem-de 11 söwda merkezleri bina ediler.

Az gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy üçin paýtagtymyzyň günorta künjegi seçilip alyndy. Bu ýerde guruljak jaýlar köpugurly “Aşgabat” stadionyna biriger. Şeýle hem bu ýerde seýilgäh zolaklary we tennis kortlary peýda bolar.

Paýtagtymyzy ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň çäklerinde durmuş ulgamyna degişli desgalar, şol  sanda 160 orunlyk çagalar bagy we 600 orunlyk umumybilim berýän mekdep, häzirki zaman seýilgäh zolaklary gurlar. Bu künjekde umumy uzynlygy 13,6 kilometre barabar bolan ulag ýollarynyň gurluşygy meýilleşdirildi.

Paýtagtymyzyň täze ýaşaýyş toplumynyň düýbüni tutmak dabarasynda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, halkymyzyň durmuş derejesini has-da gowulandyrmak, ýaşaýyş-durmuş düzümini kämilleşdirmek meseleleri hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Ýurdumyzyň raýatlaryna ýeňillikli ipoteka karzlarynyň hasabyna hödürlenýän taslamalar şäherleriň we obalaryň ilatynyň amatly ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilmegini şertlendirýär. Aşgabatda köp gatly belent ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň artmagy bilen her ýylda müňden gowrak maşgala täze jaýlara göçüp barýar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň