Soňky habarlar

Arhiw

Maksim Kazankow: “futboly kakamyň ýoly boýunça saýladym”

23:1426.06.2015
0
9358

Öň habar berlişi ýaly, türkmen futbolunyň 28 ýaşly uçurymy, Aşgabadyň “Kolhozçysynyň” ozalky belli hüjümçisi Sergeý Kazankowyň ogly Maksim Kazankow şu ýyl Russiýanyň çempionatynyň ikinji diwizionynda (“Günbatar” zolagy) çykyş edýän Ramenskiniň “Saturnyna” geçdi. Golaýda bolsa “Saturn” (Ramensk) — “Dnepr” (Smolensk) duşuşygyna bagyşlanyp taýýarlanan neşirjikde M. Kazankow bilen söhbetdeşlik çap edildi. Biz ony biraz gysgaldylan görnüşde size hödürleýäris.

Geçen ýyl “Domodedowanyň” düzüminde “Saturna” her oýunda bir gol geçiren Maksim Kazankow Aşgabatda doguldy. Biziň söhbetimiz hem onuň futboldaky ilkinji ädimlerinden başlandy.

—Kakam futbol oýnady, menem onuň ýoluny saýladym, Aşgabadyň ÇÝSM-e gatnadym. Professional derejedäki ilkinji duşuşygymy hem şol ýerde, “Aşgabat” toparynda geçirdim. Arkalaşygyň Kubogy ugrundaky ýaryşda oýnumy görüp, meni “Gazowige” çagyrdylar.

—Orenburgyň topary şu ýyl Russiýada hakyky gowur turuzdy, topar kubok bäsleşiginden tas “Lokomotiwi” çykarypdy. Haçan-da, siz “Gazowikde” oýnaňyzda, toparyň mümkinçilikleri eýýäm bildirýärmidi?

—Hawa, premier liga hakynda-da gürrüň gozgalýardy, ýöne ilki birinji diwiziona çykmak gerekdi. Meniň çykyş eden ikinji möwsümimde bu başartmady, biz ikinji orny eýeledik. Soňky ýyllarda topar has kämilleşdi, şonuň üçinem ony RPFL-de görerin diýip umyt edýärin.

—Siz MFL-e düşdüňiz, ýöne eýýäm Piteriň “Dinamosy” bilen. Ýöne asla oýnamadyňyz diýen ýaly. Näme sebäpden beýle boldy?

—Özümi has ýokary derejede barlap göresim geldi, şol döwürlerem Orenburgda toparynda oýnan tälimçim Aleksandr Awerýanow Sankt-Peterburga çagyrdy. Başda ähli zat gülala-güllükdi, soňra ýolbaşçylar bilen kynçylyklar döräp başlady. Aleksandr Nikolaýewiçi  işden boşatdylar we onuň getiren oglanlarynyň hem daşyna geçdiler. Menem transfere goýdular, biraz wagt özbaşdak türgenleşmeli boldum, soňra şertnamany bozmaga ylalaşdyk.

—Şondan soňra Frýazino düşdüňiz. Özem siz “Olimpde” iki gezek bardyňyz. Size Moskwanyň eteginden bolan topara haýsy şemal eltdi?

—Ilkinji gezek Piterden soň bardym. Oýunçy alynýan döwür tamamlanypdy, şonuň üçinem taýýarlyk derejäňi nirededir bir ýerde saklamalydy. Ikinji gezek baramda bolsa ikinji diwizionda daşary ýurtdan gelen oýunçy hasap edilemsoň, bir ýyllap dagy professional derejede oýnamandym. Raýatlyk baradaky meseläm çözülensoň, gaýdyp bardym. Men Türkmenistanyň ýygyndy toparynda bir oýun hem geçirmändim ahyryn.

—Siz futbol durmuşyňyzyň bir böleginde tiz-tizden topar çalyşdyňyz, Saratowda, “Torpedo — ZIL”-de, Ižewskide we Daşkendiň “Lokomotiwinde” oýnadyňyz. Olaryň haýsysy has ýatda galan topar boldy?  

—Hersi özüçe ýatda galdy. Saratowam bar, ýöne, megerem, “Gazowik” we “Domodedowony” aýratyn bellemek bolar. Käte, aýratyn-da, Özbegistanda çykyş edenimde ugruna bolmady ýa oýnum gitmedi. “Domodedowada” bolsa men özümi tapdym…

—Häzir “Saturnda” geçirilen birnäçe aýdan soň, özüňizde galan täsirleri paýlaşaýsaňyz.

—Ramenskide topary goldaýyşlary ýaraýar. Pskowda-sa şeýledi. Sergeý Aleksandrowiç Pawlowyň köp gaýtalaýan bir sözi bar: oýundan oýna kämilleşmeli. Şoňa eýermäge çalşarys.

—Öz oýnuňyz barada nämeler aýdasyňyz gelýär?

—Özümiň we tälimçiler toparynyň isleşiçe-hä boluberenok. Ýazda geçirilen pökgüler hüjümçiler üçin-ä köp däl. Ýöne bu bize başardar we öz mümkinçiliklerimizden has oňat peýdalanarys diýen ynamym bar.       

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň