Yrakdan iberilýän nebitiň möçberi maýda 2,28 göterim artdy

16:5026.06.2015
0
2883

OPEK-iň çykaryş öndürijiligi boýunça ikinji orunda durýan ýurdy bolan Yrakdan iberilýän nebitiň möçberi maýda 2,28 göterim artdy we günde takmynan 3,14 million barrele deň boldy. Muňa Yragyň State Oil Marketing Organization (SOMO) döwlet kompaniýasynyň getirýän maglumatlary şaýatlyk edýär.

SOMO-nyň maglumatlaryna görä, aprelde gündizki möçber 3,07 million barrel boldy. Maýda Yrak tutuşlygyna alnanda, 97,5 million barrel, aprelde 92,3 million barrel nebiti eksport etdi. Maýda Basradaky ýatakdan 83,5 million barrel, Kirkukdaky ýatakdan 14 million barrel nebit iberildi.

Yragyň nebit eksponatyndan girdejisi maýda 5,447 milliard dollara barabar boldy. Şunda bir barrel üçin ortaça 55,867 dollar baha kesildi. Aprelde bolsa bu girdejiler 4,791 milliard dollar boldy.

Häzirki wagtda nebit gorlary boýunça dünýäde bäşinji orny eýeleýän Yrak on ýyllyk uruşdan we ykdysady çäklendirmelerden soň, öz energetikasyny dikeldýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň