Arhiw

Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen awtomobilli syýahatçylyk

10:4526.06.2015
0
1874

Awstraliýadan badalga alan awtomobilli syýahatçylar topary 18-nji iýunda Türkmenistana geldiler hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça syýahat etdiler. Toparyň düzüminde dünýäniň dürli döwletlerinden syýahatçylar bar. Olara Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti we onuň düzümindäki syýahatçylyk kärhanalary tarapyndan ýokary derejede hyzmat edildi.

1920-nji ýylda öndürilen «Wilis» kysymly hem-de 1926-njy ýylda öndürilen «Dodge» kysymly awtoulaglar bilen amala aşyrylýan syýahata gatnaşýanlar ýurdumyza syýahatyň barşynda «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanasynda, gadymy Änew düzlügindäki Seýitjemaleddin ýadygärlikler toplumynda, gadymy Nusaýda, Ahal welaýatyndaky Abiwerd taryhy ýadygärlikler toplumynda we beýleki ýerlerde bolup gördüler. Olar ak mermerli paýtagtymyza hem uly gyzyklanma bilen syýahat etdiler. Soňra Türkmenbaşy şäherine tarap ýoluny dowam etdiler. Syýahatçylar Türkmenbaşydan parom bilen geçip,  syýahatyny Azerbaýjanyň we beýleki birnäçe ýurtlaryň çägi bilen Ýewropa çenli dowam etdirmegi maksat edinýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň