Soňky habarlar

Arhiw

Parlament Hazaryň düýbünden çäk çekmek barada Gazagystanyň we Türkmenistanyň arasyndaky ylalaşygy tassyklady

08:5826.06.2015
0
3186

Parlament Hazaryň düýbünden çäk çekmek barada Gazagystanyň we Türkmenistanyň arasyndaky ylalaşygy tassyklady

Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň senatynyň deputatlary penşenbe güni palatanyň plenar mejlisinde “Hazaryň düýbünden çäk çekmek barada Gazagystan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky ylalaşygy tassyklamak hakynda” Gazagystan Respublikasynyň Kanunynyň taslamasyny kabul etdiler — diýip, Gaz TAG habar berýär.

“Ylalaşyga laýyklykda, Hazar deňziniň düýbi we baýlyklary halkara hukugynyň, şeýle hem taraplaryň arasyndaky ylalaşygyň esasynda (çäk çekmek baradaky) taraplaryň arasynda çäk çyzygy boýunça bölünýär — diýlip” — diýlip, halkara gatnaşyklary, gorag we howpsuzlyk boýunça komitetiň netijenamasynda aýdylýar.

Düşündirilişi ýaly, çäge bölmek üçin çyzyk çekmekde taraplar Hazar deňziniň köp ýyllyk orta derejesinden ugur aldylar.

Çekilen çägiň aýlawly çyzyk nokatlarynyň ýerleşýän ýeri taraplar tarapyndan ylalaşylan 1942-nji ýylyň kartografik maglumatlary esasynda bellenilendir we çäk çekmegiň aýlawly çyzyk nokatlarynyň geografik taýdan ýerleşiş katalogynda berkidilendir. Ol şu ylalaşygyň 1-nji goşundysy hem aýrylmaz bölegi bolup durýar.

“Çäk çekmegiň 1-nji belgili başlangyç nokady Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky 2001-nji ýylyň 5-nji iýulyndaky gazak — türkmen serhediniň arasyny bölmek baradaky şertnamada görkezilen 1-nji goşunda laýyklykda, 13-nji serhet nokady bolup durýar. Hazar deňziniň düýbi boýunça Gazagystan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň arasyny bölýän çyzyklaryň kesişýän ýeri, araçäk çyzygynyň ahyrky nokady hasaplanylýar. Ol aýratyn halkara şertnamasy esasynda kesgitleniler” diýlip, komitet tarapyndan bellenilýär.

Hereket edýän ylalaşyga laýyklykda, taraplar özlerine degişli ýerleriň çäginde gözleg işlerini, Hazar deňziniň düýbüni we baýlyklaryny peýdalanmak boýunça işläp taýýarlamalary amala aşyrarlar hem-de suwasty elektrik we turba geçirijileri ýola goýup, emeli adalary, dambalary, estakadalary, platformalary we beýleki inženerçilik desgalaryny gurup bilerler. Şeýle hem Hazaryň düýbünde halkara we milli ekologiýa kadalaryna, talaplaryna hem hil ölçeglerine laýyklykda, beýleki hojalyk-ykdysady işi alyp baryp bilerler.

Bu ylalaşyk 2014-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Aşgabatda gazanylypdy.

http://www.kursiv.kz/       

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň