Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda bitewi töleg ulgamy girizildi

18:2725.06.2015
0
5231

Türkmenistanda tölegleriň birleşdirilen ulgamy girizildi. Hereket edýän töleg ulgamynyň prosessing merkezleriniň integrirlenmegi netijesinde ol maliýe amallary ýerine ýetirende ýokary amatlylygy we öz wagtynda geçirilmegini üpjün eder.

Bitewi töleg ulgamynyň girizilmegi bilen, plastik kartlaryň ähli görnüşleriniň eýeleri haýsy banka degişlidigine garamazdan, olary ýurduň islendik bankomatlarynda we töleg terminalynda hiç hili päsgelçiliksiz peýdalanyp biler.

Prosessing merkezleri birikdirilmezden öň ýurtda “Altyn asyr”, çäkli töleg ulgamy, şeýle hem MILLIKART we halkara VISA kartlaryna hyzmat edilýän Türkmendaşaryykdysadybank ulgamy hereket edýärdi. Plastik kartlara hyzmat etmek diňe ygtyýarly banklarda amala aşyrylýardy. Munuň özi bolsa ulanyjylar tarapyndan nagt däl maliýe amallaryny geçirmekde kynçylyk döredýärdi.

Birleşdirilen töleg ulgamynyň girizilmegi bilen bank düzüminde gije-gündiz işleýän Call-merkez döredildi. Ol müşderilere tehniki we habar goldawyny berýär. Ilkinji nobatda öňde goýulýan esasy maksat — ulanyjylara amatly şertleri döretmek, ýokary hilli hyzmatlary hödürlemek. Häzir ýurtda bankomatlaryň sany 401-a, töleg terminallarynyň sany bolsa 812-ä ýetdi. Bankomatlar we terminallar düzümini depginli giňeltmek boýunça işler alnyp barylýar.

Geçirilýän işleriň esasy maksady ýurdumyzyň raýatlary we myhmanlary tarapyndan söwda nokatlarynda hem-de hyzmatlary ýerine ýetirýän kärhanalarda tölegleriň bökdençsiz ýerine ýetirilmegini üpjün etmekden ybaratdyr.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň