Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti atly geçelenç etdi

11:0425.06.2015
0
4309

24-nji iýunda Mary welaýatynda iş saparynda bolmagyň çäklerinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň atçylyk sport toplumyna baryp, ol ýerde idedilýän bedewler bilen didarlaşdy, olaryň saklanylyşy we seýisleniş derejesi bilen tanyşdy.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutany her gün özüniň boş wagtlaryny sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy, aýratyn-da at münmegi durmuş kadasyna öwürdi. Ine bu gün hem “Behişdi bedewleriň” hakyky hossary we olara belent sarpa goýýan Türkmenistanyň Prezidenti bedewler bilen didarlaşdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Marynyň atçylyk sport toplumynda idedilýän Melehan atly bedewi athanadan çykardy. Milletiň Lideri joşgunly bedew bilen gezim etdi. Ynsan gylykly bedew atlaryň ýagdaýyna içgin düşünýändigini mährini duýup özüne edilýän idege hoşallygyny asylly hereketi bilen äşgär etdi.

Döwlet Baştutany ata-babalarymyzyň dünýä beren gymmatlyklarynyň naýbaşysy bolan bedewleriň göwnejaý derejede saklanmagy, arassa ganly atlaryň baş sanynyň artdyrylmagy we olaryň dünýä ýüzünde giňden wagyz edilmegi ugrunda yzygiderli alada edýär.

Iş saparynyň barşynda, boş wagtlarynda bedewleriň ýanyna gelip, olara ideg etmegi we mähir siňdirmegi Türkmenistanyň Prezidenti bedewlere goýýan sarpasynyň örän belentdiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň gadymy milli gymmatlyklarynyň yzygyiderli rowaç almagyna gönükdirilen syýasatynda bedewler bilen baglanyşykly ýörelgelere aýratyn ähmiýet berýär. Bu bolsa bedewleriň şan-şöhratynyň artmagyny, türkmen çapyksuwarlarynyň halkara ýaryşlarynda üstünlik gazanmagyny şertlendirýär.

Döwlet Baştutany Melehan atly bedewe atlanyp aýlawy synlady. Şeýle hem milli iderimiz bu ýerde alnyp barylýan işler, toplumda bar bolan şertleriň we bu ýerdäki athanalaryň netijeli ulanylyşy hem-de toplumyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler bilen gyzyklanyp, bedewde aýlaw etdi.  

Türkmen bedewleriniň taryhy müňýyllyklara uzap gidýär. Türkmen atşynaslary, seýisleri düýnä ýüzünde ägirt uly şöhrat gazanan atlary ösdürip ýetşdiripdirler. Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde milli Liderimiziň tagallasy bilen türkmen atlyrynyň gadymy şöhraty täzeden dikeldildi. Paýtagtymyzda we welaýatlarda bar bolan atçylyk sport toplumlarynda at çapyşyklaryna giň gerim berilýär. Her möwsümde döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça ýetginjek çapyksuwarlaryň bäsleşikleri hem yzygiderli geçirilýär. Bu bolsa atçylyk sporty boýunça milli ýörelgeleriň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Milli Liderimiz atly gezelenji tamamlap, bedewi athana alyp geldi.

Bedewe ideg eden, onuň bilen gezim amala aşyran hem-de çapdyran milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerden ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň