Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde “Seýdi” atly sahna oýny görkezildi

0
620
1
0

Bu ýerde geçýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky Türkmenistanyň döwlet sazly-drama teatrynda “Seýdi” sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi boldy.

Täze sahna eseri ençeme çeşmeleri özünde birleşdirýär. Ilkinji nobatda ol rowaýatlaryň äheňi hem-de Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri, şeýle hem Öwezgeldi Galandarowyň pýesalary boýunça döredildi. Onuň beýan edilişinde taryh we häzirki döwürde sazlaşykly utgaşýar. Munuň özi türkmenlerň nesilleriniň mähriban Watanymyza wepalylygy we söýgüsi, abraýy we borjy, ynsanyň ahlak päkligi we mertebesi  barada beýan edýän sahna oýnunyň halkalaýyn kompozisiýasy bilen nygtalýar.

Oýun ýaş esgerler – biziň döwürdeşlerimiz tarapyndan kasamyň kabul edilmegi bilen başlanýar. Şu dabaraly pursatda olar türkmenleriň  iň oňat söweş däplerine däplerine özleriniň degişlidiklerini aýratyn çuňňur duýýarlar. Şahyr Seýitnazar Seýdi şol türkmen serkerdeleriniň biri bolupdy. Oýnuň sahnalaşdyrylyşy boýunça täze esgerlige alnanlaryň biri Watanyň ykbaly barada edýän pikirlerinde ajaýyp türkmen şahyry we serkerdesiniň ýaşan we döreden eýýamyna barýar. Şu usulyň eseri sahnalaşdyryjylara ençeme çeper keşpleri birleşdirmäge mümkinçilik berýändigi bellärliklidir. Ýaş esger üçin taryh aksakgallaryň oňa beren gürrüňlerinden alan maglumatlaryndan, maşgalada nesilden-nesle geçirilip berilýän gürrüňlerden, şeýle hem okuw kitaplaryndan we ýurdumyzyň meşhur kinofilmlerinden döredilýär. Şeýlelik bilen, oýunda Şükür bagşy baradaky gürrüňlerden düzülen döredijilik bäsleşikleri bolan, şeýle hem ýaşulular maslahaty ýaly sahnalar peýda bolýar. Ýaşulular maslahaty uly ýaşly nesilleriň wekilleriniň pikirlerine çuňňur hormat goýmaga, olaryň halk içindäki uly abraýyna esaslanan däplerdir.

Täze sahny eseri şygryýet bilen hem gurşalandyr. Seýdiniň ajaýyp pikir-arzuwlaryny – Watana söýgini, şahyryň öz halkyna ynamyny we wepadarlygyny wasp edip, täze oýun häzirkizaman tomaşaçysyna niýetlenen belent ahlak pikiri özünde jemleýär. Seýdi bilen birlikde  nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragy oýnuň deňsiz-taýsyz gahrymanyna öwrülýär. Onuň goşgy setirleri teatr hereketleriniň ençeme sahnalarynda türkmen nesillerine parahatçylykda, ylalaşykda we agzybirlikde ýaşamaga, öz Watanyňy söýmäge şahyrana görnüşde çagyryş bolup ýaňlanýar.

Milli öwüşginler bilen baýlaşdyrylan gyzykly hem-de özüne çekiji sahnalar tomaşaçylara türkmen adatlarynyň we däp-dessurlarynyň özboluşlylygyny, iň esasy hem sahna oýnynda öňe sürülýän pikiri, asyrlardan gelýän milli däp-dessurlaryň,  hyjuwyň hem-de güýç-gaýratyň baky çeşmesi bolan ruhy gymmatlyklary saklamagyň we baýlaşdyrmagyň zerurlygyny duýmaga mümkinçilik berýär.

Taryhy çeper şöhlelendirmek bilen birlikde, sahna oýnunda medeniýetiň we sungatyň iň oňat däpleriniň dowam etdirilýänligi nygtalýar.  Olar sahnada gyzlaryň haly dokamaklarynda, şeýle hem ahalteke bedewlerine, halk döredijiligine bagyşlanan sahnalarda janlandyrylýar.

Türkmen durmuşynyň özboluşlylygy bilen baýlaşdyrylan, halk döredijiliginiň gaýtalanmajak öwüşginini özünde jemleýän  “Seýdi” sazly sahna oýny-- ajaýyp ahalteke bedewleriniň tohumyny hem-de gözellikde we inçelikde deňsiz-taýsyz türkmen halylaryny, özboluşly saz we şygryýet ýoluny döreden  türkmeniň ussatlygynyň, ukybynyň we joşgunynyň özboluşly senasydyr. 

Sahna oýnunyň içinden kalplary heýjana getirýän halk sazlary we aýdymlary, şeýle hem meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň  ajaýyp sazlary  eriş-argaç bolup geçýär.  Täze sahna oýny milli öwüşgin we çeperçilik taýdan bezegi  hem tapawutlanýar.

Sahna oýnunyň jemleýji bölümi dürli eýýamlary ýakynlaşdyrmak bilen, ata-babalarymyzyň iň oňat däp-dessurlaryny gözüniň görüji ýaly goraýan hem-de ösdürýän  häzirki türkmen jemgyýetiniň ruhy gymmatlyklaryny ykrar edýär. 

“Seýdi” spektakly ýaş režissýor Berhan Hudaýberenowyň ilkinji göwrümli işidir. Oýna tejribeli sahna ussatlary: halk artisti Babageldi Rejepow ýurdumyzyň at gazanan artisti Akjagözel Suwhanowa we Babamyrat Aşyrow, artist Döwletgeldi Hojanazarow, şeýle hem döredijilik ýoluna ýaňy gadam goýan artistler gatnaşýarlar. Şahyr Seýdiniň keşbini Döwran Joraýew, onuň söýgülisi Näzliniň keşbini bolsa Meňlitäç Döwletowa janlandyrýar.

Mundan 30 ýyl ozal Lebap welaýatynda teatr işini “Seýdi” atly sahna oýnunyň açanlygy hem bellärliklidir. Şu gün bu medeniýet ojagynda taýýarlanan sahna oýunlarynyň sanawynda “Baýram han”, “Zöhre-Tahyr”, “Mukaddes ojak”, “Gyrat”  ýaly tomaşaçylaryň arasynda uly üstünlige eýe bolan, goýluş usuly we ugurlary boýunça dürli-dürli  sahna eserleri bar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru