Soňky habarlar

Arhiw

Çempion wise-çempiondan — Türkmenistanyň Kubogynyň eýesinden üstün çykdy

09:0625.06.2015
0
2884

“Altyn asyryň” futbolçylary 11-nji tapgyryň soňa geçirilen duşuşygynda wise-çempiony we Türkmenistanyň Kubogynyň eýesinden 2:0 hasabynda üstün çykyp, ýurdumyzyň çempionatyndaky öňdebaryjylygyny berkitdi.

Geçen ýylyň netijeleri boýunça iň gowy toparlaryň arasyndaky oýun 17-nji maýda geçirilmelidi. Ýöne “Ahalyň” AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň toparça böleginde çykyş edýändigi sebäpli ol soňa süýşürildi.

Bu toparlaryň birinji aýlawdaky duşuşygy 1:1 hasabynda tamamlanypdy. Nobatdaky oýunda hem birinji ýarym toparlaryň hiç birine üstünlik getirmedi — 0:0. Ýöne ikinji ýarym başlanyp-başlanman, häzirki çempion “Altyn asyr” hasaby açdy. 46-njy minutda toparyň iň netijeli hüjümçisi Süleýman Muhadow iki goragçyny aldawa salyp, jerime meýdançasynyň zolagyndan derwezäniň aňyrky burçuna tarap üýtgeşik owadan urgyny ýerine ýetirdi. Bu ýaş hüjümçiniň şu çempionatda geçiren 16-njy pökgüsidir.

Aradan 14 minut geçensoň, Myrat Annaýew şahsy ussatlygy bilen tapawutlandy. Ol jerime meýdançasyna girip, gutarnykly hasaby goýdy — 2:0.

Bu ýeňişden soň, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri häzirlikçe esasy garşydaşy “Balkandan” 4 utuk ara açdylar.

27-nji iýunda geçiriljek indiki 15-nji tapgyrda “Altyn asyr” myhmançylykda “Balkan” bilen duşuşar. Ýaryş tertibiniň ýokarky bölegindäki ýagdaý köp babatda şu oýnuň netijesine bagly bolar. Bu toparlaryň birinji aýlawdaky duşuşygy 2:1 hasabynda “Altyn asyryň” peýdasyna tamamlanypdy.

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

“Ahal” – “Altyn asyr” – 0:2 (0:0)

24-nji iýun. Aşgabat. «Aşgabat» stadiony. 800 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Süleýman Muhadow 46, Myrat Annaýew 60.

Duýduryş alanlar: Berdi Hotdyýew 22, Annasähet Annasähedow (duşuşyk tamamlanan soň. Iksi hem– "Ahal").

Emin: Maksat Seýitgulyýew.

Duşuşygyň inspektory: Wadim Baratow.

14-nji tapgyrdan soň toparlaryň ýerleşiş teribi

Bellik: "Aşgabat" "Şagadamy" özara duşuşykda ýeňenligi üçin ýaryş tablisasynda ýokarda galdy.

Iň köp pökgi geçirenler:

Myrat Ýagşyýew (“Balkan”) – 18 pökgi (2 – 11 mertlik urgudan)

Süleýman Muhadow (“Altyn asyr”) – 16.

Hemra Amanmämmedow (“Şagadam”) – 11 (5).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň