TÜRKSOÝ halkara guramasynyň baş sekretary Düsen Kaseýinow bilen söhbetdeşlik

0
288
30
0

Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilen Mary şäheri şu günler taryhy wakalary başdan geçirýär. Düýn Sakarçäge etrabynda täze senagat kärhanasynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi bilen ugurdaşlykda, Mary şäherindäki Ruhyýet köşgünde TÜRKSOÝ halkara guramasynyň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Mary welaýat häkimliginiň bilelikde gurnamagynda  türki dilli halklaryň dostluk konserti boldy. Ýurdumyzda giň gerimde badalga alan Medeniýet hepdeliginiň ilkinji günlerinde geçirilen konsertden soňra, TÜRKSOÝ halkara guramasynyň baş sekretary Düsen Kaseýinow bilen söhbetdeş bolduk.

— Düsen Karabaýewiç, sizi ýene bir gezek Türkmenistanda hoş gördük!

— Sag boluň!

— Türkmenistanda Medeniýet hepdeliginiň bellenilýän günlerinde Maryda TÜRKSOÝ-yň dostluk konsertini guramagy hepdeligiň dabarasynyň halkara derejesinde giňelýändiginden nyşan. Şu dabaralaryň hormatly myhmany hem-de türki dilli döwletleriň dostluk konsertini gurnaýjy hökmünde siziň şular hakdaky pikiriňizi bilmek gyzykly.

— Medeniýetiň şanyna tutuş hepdeligiň yglan edilmegi, onuň hem asylly däbe öwrülmegi Türkmenistanda medeniýete goýulýan belent sarpadan nyşan. Munuň üçin türki halklaryň medeniýetini goldaýan halkara guramanyň ýolbaşçysy hökmünde Türkmenistanyň Prezidentine çuňňur hoşallyk bildirýärin.

Men geçen ýyl Daşoguzda geçirilen Medeniýet hepdeligine hem gatnaşdym. Şonda türkmen halkynyň hem dünýä gymmatlyklaryna goşulmaga, köpçülik bolup goralmaga we ösdürilmäge mynasyp milli mirasynyň bardygyna göz ýetirdim. Şonuň üçin hem şu ýyl Lebap welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde TÜRKSOÝ-yň guramagynda bir dostluk konsertini geçirmegi ýylyň başynda meýilnamamyza goşduk.

— Şu konsertde, esasan, simfoniki orkestriň çykyşlaryna orun berlipdir. Bu öňünden göz öňünde tutulan aýratynlykmy?

— Hawa, biziň şu ýyl Maryda geçirmegi meýilleşdiren çärelerimiziň hatarynda dürli sergilerden başlap, türki dilli döwletleriň kompozitorlarynyň eserleriniň konsertine çenli göz öňünde tutulan. Şonuň üçin hem biz bu konsertde, esasan, simfoniki orkestriň çykyşyna agram berdik. Türkmenistanyň örän ajaýyp simfoniki orkestri bar. Muňa şu konsertde hem göz ýetirdik. Türki halklarda hem dünýä meşhur we ägirt uly zehinli kompozitorlaryň bardygyny ýene bir gezek subut eden konsertde Nury Halmämmedow, Daňatar Öwezow, Çary Nurymow ýaly belli türkmen kompozitorlary bilen birlikde Gazagystandan Balnur Kydyrbek, Gyrgyzystandan Myratbek Begaliýew, Azerbaýjandan Rauf Aliýew ýaly aýdym-saz sungatynyň ägirtleriniň eserleri ýaňlandy. Şol sanda ýerine ýetirilen eserlere türkmen dirižýorlary bilen bile beýleki döwletlerden gelen ussatlar hem dirižýorlyk etdi. Ýaňlanan eserlerleriň arasyndan azerbaýjanly kompozitor Rauf Aliýewiň «Türkmennama» atly eserini aýratyn nygtamak isleýärin. Bu simfoniki pýesa şu konsertde ilkinji gezek ýaňlandy. Ol dostlukly halklaryň Türkmenistana we Türkmenistanyň hormatly Prezidentine belent sarpasynyň nyşany bolup ýaňlandy.

Biz edil şeýle konserti 25-nji iýunda Türkmenabat şäherinde hem geçirmegi göz öňünde tutýarys. Umuman, biziň halkara guramamyzyň wekilleri aýyň ahyryna çenli Türkmenistanda bolarlar.

— Mary şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýylyň dowamynda başga nähili çäreler geçirildi.

— Ýakynda bu ajaýyp şäherde türki dilli halklaryň alymlarynyň we medeniýet işgärleriniň gatnaşmagynda «Gadymy Mary – türki dünýäsiniň medeni merkezi» atly halkara maslahaty geçirdik. Ol dünýä döwleriniň Maryny has ýakyndan tanamagy üçin iňňän ähmiýetli boldy. Mundan başga-da türki dilli halklaryň teleýaýlymlarynda Mary barada gürrüň berýän wideogörnüşler ýaýlyma berilýär.

— Ýylyň galan dowamynda nähili çärelere garaşyp bileris?

— Şu wagt 2015-nji ýylda Ýewropanyň medeni paýtagtlary diýlip yglan edilen  Çehiýanyň Plzen we Belgiýanyň Mons şäherleri bilen Marynyň arasynda medeni gatnaşyklary ýola goýmak barada gepleşikleri geçirýäris. Ýakynda bolsa Türkiýede we Ýewropanyň käbir döwletlerinde Mary hakynda gürrüň berýän sergileri hem-de türkmenistanly sungat ussatlarynyň konsertlerini geçirmegi meýilleşdirýäris. Şol sanda şu ýyl Yslam medeniýetiniň paýtagty diýlip yglan edilen Gazagystanyň Alma-aty şäheri bilen hem medeni gatnaşyklary ýola goýmak meýilleşdirilýär. Ikitaraplaýyn ylalaşygyň netijesinde Maryda Alma-atynyň, Alma-atyda bolsa Marynyň Medeniýet günlerini geçirip bolar.

— Bu konsert Mary welaýatynda senagatyň ösüşine täsir etjek wakalar bilen gabat geldi. Senagat taýdan ösüşiň taryhy wakasy bilen medeni mirasyň dabarasynyň bile gelmegi iňňän gowy sazlaşyk bolup durýar.

— Bir hakykat bar. Islendik ýurtda senagat taýdan ösüşi ruhy medeniýetiň ösüşi bilen sazlaşdyryp, okgunly öňe gidilşigi gazanyp bolýar. Türkmenistan hem şu ýoly saýlap alan döwlet. Men bu ýerdäki taryhy wakalaryň sazlaşyp gelmegini ýurduň senagatynyň medeni ösüş bilen hemişe ugurdaşlygynda görýärin. Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky bu ak ýol röwşen ertire barýan iň dogry ýoldur.

— Sag boluň! Täsirli söhbetdeşlik üçin hoşallyk bildirýäris.

— Siz hem sag boluň! TÜRKSOÝ-yň Türkmenistan bilen bagly alyp barýan işlerinde bizi ýakyndan goldaýan hormatly Prezidente sagbolsunymyzy aýdýarys. Biz bu ajaýyp döwlet bilen geljekki ýyllarda hem işleşmäge şat.

Söhbetdeş bolan

Agageldi ITALMAZOW.

«Türkmenistan».

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru