Rumyniňanyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin saýlap-seçişlik başlandy

0
4127
149
0

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine 2015/2016-njy okuw ýyly üçin şu aşakdaky taýýarlygyň ugurlary (hünärler) boýunça seçip alyş işini geçirýär

1. Nebitgaz senagatynyň enjamlary boýunça inžener-mehanik.

2. Senagat we raýat jaý gurluşygy.

3. Binagärlik.

4. Bejeriş işi.

5. Logistika.

6. Hereketi dolandyrmak ulgamy we nawigasiýa.

7. Maglumat tehnologiýalar ulgamynyň inženeri.

8. Ulagda gatnawy guramak we hereketi dolandyrmak.

9. Demir ýol ulagynda ýol hojalygy we gurluşyk.

10. Ykdysadyýet.

11. Halkara suw hukugy.

12. Dänäni saklamagyň we gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy.

13. Çörek, süýji-köke, unaş önümleriniň we azyk goşundylarynyň tehnologiýasy.

14. Ses režissurasy.

15. Maliýe (iňlis dilinde).

16. Ekonometrika we statistika.

17. Sport lukmançylygy.

18. Gimnastika.

Ýokarda görkezilen taýýarlygyň ugurlaryna (hünärlere) Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kabul ediş topary tarapyndan 2015-nji ýylyň 23-nji iýunyndan 2-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

- Türkmenistanyň raýaty üçin bellenen nusga boýunça arza we sowalnama;

- Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa iberilýän daşary ýurt raýatynyň bellenen nusga boýunça sowalnamasy;

- umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);

- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky saglyk güwänamasy (Türkmenistanyň çäginden daşary ýurtlardaky ýokary okuw mekdeplerine girmek barada dalaş edýän raýatlaryň saglyk güwänamasy);

- soňky okan ýa-da işlän ýerinden (harby bölümden) häsiýetnama;

- 3x4 möçberde alty sany fotosurat;

- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi.

- giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda döwlet orta we ýokary hünär bilim edaralaryna kabul edilende artykmaçlyklardan peýdalanýan mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

-Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny hem-de Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny;

- dogluş hakyndaky şahadatnamasyny,

- Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Uniwersitetiň seçip alyş iş topary zerur bolan ýagdaýynda Rumyniýanyň ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärleri saýlamak üçin zerur bolan goşmaça maglumatlary dalaşgärlerden sorap biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we seçip alyş işi 2015-nji ýylyň iýul aýynyň 6—8-i aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde (Aşgabat ş.) geçirilýär.

Giriş synaglary umumybilim berýän derslerden test, şeýle hem Türkmenistanyň taryhyndan söhbetdeşlik görnüşinde geçirilýär.

Test — ýazmaça, söhbetdeşlik — dilden Türkmenistanyň döwlet dilinde geçirilýär.

Test we söhbetdeşlik Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtynda test synagyna esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da test synagyndan geçip bilmedikler seçip alyş işiniň soňky tapgyrlaryna goýberilmeýär.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň salgysy:  Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 31; tel.: 94-69-90, 94-54-29.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru