Mary şäheriniň Ruhyýet köşgünde türki halklaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti boldy

09:3924.06.2015
0
3264

23-nji iýunda  2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilen Mary şäheriniň Ruhyýet köşgünde şu gün ýurdumyzyň Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde türki halklaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti boldy. Daşary ýurtlardan bu aýdym-saz baýramçylygyna Azerbaýjandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Türkiýeden, Gazagystandan, Özbegistandan we Russiýa Federasiýasynyň iki sebitinden — Başgyrdystandan we Tatarystandan aýdymçylar, sazandalar hem-de kompozitorlar gatnaşdylar.

Türkmenistanyň simfoniki orkestriniň saz çalmagynda Marynyň baş sahnasynda Azerbaýjan Respublikasynyň M.Ahundow adyndaky Akademiki opera we balet teatrynyň solisti Afag Abasowanyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Abdylas Maldybaýew adyndaky Milli akademiki opera we balet teatrynyň meşhur artisti Karimberdi Turapowyň çykyşlary boldy. Konserte, şeýle hem Stambuluň döwlet opera we balet teatrynyň artisti Burçin Sawigne, Gazagystanyň “Sazgen sazy” folklor-etnografiki toparynyň artisti Alina Mataýewa hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Gabdulla Tukaý adyndaky döwlet filarmoniýasynyň aýdymçysy Rigina Waliýewa gatnaşdylar.

Başgyrdystan Respublikasynyň halk artisti, Russiýa Federasiýasynyň at gazanan artisti Ramil Gaýzulliniň hem-de Özbegistanyň “Abbos” toparynyň çeper ýolbaşçysy Rowşanjon Ýusupowyň “kuraý” we “doýre” milli saz gurallarynda ussatlyk bilen ýerine ýetiren sazlary tomaşaçylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Şu baýramçylyk gününde ähli ýerde gündogar mukamlary we hoşowazly aýdym-sazlar belentden ýaňlandy — sahna meýdançalarynda hem-de adamlaryň köpçülikleýin dynç alýan we seýil edýän ýerlerinde Mary welaýatynyň merkeziniň meşhur döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda konsertler guraldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň