Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy bilen Portugaliýada, Russiýada we Ýewropanyň beýleki ýurtlarynda gyzyklanýarlar

08:2524.06.2015
0
16765

Ýakynda dünýä çempionaty — 2018-iň Daşoguzda geçen saýlama duşuşygynda reýting boýunça Aziýanyň iň gowy toparynyň derwezesine gol geçireninden soň, ýewropa toparlarynda türkmen futbolçysy Ruslan Mingazowa bolan gyzyklanma bada-bat artyp başlady.

www.championat.com saýtynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň ýygyndysynyň we çehleriň "Ýablonesiniň" 23 ýaşly ýarym goragçysy Ruslan Mingazowyň öz futbol ýoluny Portugaliýanyň öňdebaryjy toparlarynyň birinde dowam etdirmegi mümkin. Şeýle hem şol neşiriň habarlaryna görä, oýunçy bilen Ýewropanyň, şol sanda Russiýanyň toparlary gyzyklanýar, ýöne bu barada anyk maglumat getirilenok.

Ruslan 1991-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Aşgabatda doguldy. Ol Aşgabadyň "Köpetdagynyň" we Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki belli ýarym goragçysy Kamil Mingazowyň ogludyr. Ruslan 6 ýaşyndan futbol bilen meşgullanyp başlady. 2008-nji ýylda "Aşgabat" toparynyň esasy düzümine düşdi. Şol ýylyň özünde bu topar bilen Türkmenistanyň çempiony we ýurduň Naýbaşy kubogynyň eýesi boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky ýaryşda ýaş ýarym goragçy Latwiýanyň "Skontosynyň" ýolbaşçylarynyň gözüne ildi we 2009-njy ýyldan başlap ol Riganyň klubunda çykyş edip başlady. Bu ýerde futbolçy ýurduň çempiony (2010-njy ýyl), wise-çempiony (2012 we 2013-nji ýyllar), bürünç medalyň eýesi (2009-njy ýyl), Baltika ligasynyň ýeňijisi (2011-nji ýyl), ýurduň Kubogynyň eýesi (2012-nji ýyl) boldy.

Geçen ýyl türkmenistanly futbolçy "Skontodan" çehleriň "Ýablonesine" geçdi we bürünç medalyň eýesi, şeýle hem Çehiýanyň Kubogynyň finalçysy boldy. 2014/2015 futbol möwsüminde R. Mingazow 31 duşuşyga gatnaşdy, ýedi pökgi geçirip, iki pas berdi. Oýunçynyň çeh topary bilen şertnamasy 2016-njy ýylyň awgustynda tamamlanýar.

Ruslan Mingazow Türkmenistanyň ýygyndy toparynda 2009-njy ýyldan bäri çykyş edýär.           

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň