Türkmenistanyň Prezidenti häzirki zaman pagta arassalaýjy kärhananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

0
884
1
0

23-nji iýunda Mary welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow obasenagat toplumynyň täze desgasy bolan — Sakarçäge etrabynda gurlan we ýylda 40 müň tonna tohumlyk pagtany gaýtadan işlemäge niýetlenen pagta arassalaýjy kärhananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Geçen ýyl pagtaçylar şertnamalaýyn bowçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirip, Watan harmanyna pagtanyň 1 million 100 müň tonnadan gowragyny tabşyrdylar. Şu ýyl Türkmenistanda pagta ekmek üçin 545 müň gektar ýer bölünip berildi. Umumy alnanda “ak altynyň” 1 million 50 müň tonnasyny, şol sanda Mary welaýatynda 313 müň tonna pagta ýygnamak bellenildi. Ekişiň häzirki möwsümi üçin gowaçanyň saýlama tohumynyň 65 müň tonnadan gowragy – orta we inçe süýümli sortlaryň 15-e golaýy taýýarlanyldy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň pagta ekýän welaýatlarynyň meýdanlarynda gymmatly oba hojalyk ekinine ideg işleri dowam edýär.

Türkmenistanyň eksport edýän harytlarynyň saldamly esasyny düzýän pagta   okgunly ösýän milli dokma senagatynyň kärhanalary üçin çig mal bolup hyzmat edýär. Olar halkara ülňülerine laýyk gelýän, ýurdumyzyň, şeýle hem daşary döwletleriň bazarlarynda uly islege eýe bolan önümleri çykarýarlar. Pagtaçylyk pudagynyň kuwwatyny doly ulanmak, gowaça hasylynyň möçberini has-da artdyrmak babatda ýokary hilli tohumy taýýarlamak möhüm şert bolup durýar. Şu maksat bilen, pagtany gaýtadan işleýän düzümi düýpli döwrebaplaşdyrmak, şol sanda täze kärhanalary gurmak boýunça uly işler geçirilýär. Şonuň ýaly döwrebap zawodlaryň biri Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli kararyna laýyklykda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda bina edildi. “Türkmenpagta” döwlet konserni desganyň buýrujysy, “Engin Group Consorcium S.A.” kompaniýasy bolsa onuň portratçysy bolup çykyş etdiler. Bu kompaniýa biziň ýurdumyzyň öňden gelýän işewür hyzmatdaşy bolup durýar.

Kärhananyň umumy eýeleýän meýdany 17 gektara golaý bolup, onuň düzümine dolandyryş binasy, önümçilik bölümi, pagta çigidini arassalaýan bölüm, her biriniň sygymy 5 müň tonna bolan iki sany ammar, 13 müň tonna tohumlyk çigit saklamaga niýetlenen ammar, ýokary hilli tohumlyk çigit saklamak üçin 7 müň tonnalyk ammar, barlaghana, 10 müň tonnalyk kabul ediş bölümi we birnäçe ugurdaş hem-de tehniki desgalar girýär.

Ýokarda bellenilişi ýaly, kärhananyň ýyllyk kuwwaty 40 müň tonna önüme deňdir. Bu ýerde oturdylan ABŞ-nyň we Ýewropa ýurtlarynyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň, şol sanda ABŞ-nyň belli “BS Supply” kompaniýasynyň ýokary tehnologiýaly enjamlary çig maly ýokary hilli  gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär. Olaryň kömegi bilen tohumlyk pagta çigidi himiki usulda künjaradan arassalanylýar, kesele garşy işleri ýerine ýetirilýär, tohumlyk çigit ýokumly maddalar  bilen baýlaşdyrylýar we 20 kilogram agramlykdaky haltalara gaplanylýar. Şunuň ýaly enjam sagatda 15 tonnadan gowrak pagta çigidini arassalamaga ukyply bolup, ol bir günüň dowamynda 315 tonna golaý pagta çigidini arassalaýar. Şunlykda, kärhananyň ýyllyk kuwwaty bolan 40 müň tonna tohumlyk çigit 4 aýdan gowrak wagtyň içinde arassalanylar.

Tutuş Mary welaýaty üçin ähmiýeti uly bolan täze kärhana üç çalşykda işlediler. Bu ýerde 63 işgär hemişelik esasda zähmet çeker. Möwsüm mahalynda ýene-de 200-e golaý adam işe kabul ediler. Umuman, möwsüm mahaly kärhanada jemi 262 adam zähmet çeker.

Gowaçanyň sagdyn gämiklerini almak üçin pagta çigidi gabyklardan arassalanýar we ýörite serişdeler bilen işlenilýär, soňra olary nogula öwürýärler. Ekiji enjamlaryň ulanylmagy tohumyň harçlanmagyny dört esse kemeltmäge mümkinçilik berýär. Şunda pagta meýdanlarynda ýekeleme ýaly agrotehniki çäresini geçirmek zerurlygy aradan aýrylýar.

Pagta çigidini himiki usul bilen arassalaýan bölümde her sagatda gowaça tohumynyň 2880 kilogramy arassalanar we saýlanyp alnar. Bu ýerde bir gije-gündizde pagta çigidiniň 60 tonna golaýy taýýarlanar. Ýeri gelende aýtsak, Mary welaýatynda ekin meýdanlarynyň 165 müň gektary üçin 4950 tonna çigit zerur bolap durýar. Şeýlelikde, täze kärhananyň işe girizilmegi welaýatda pagtaçylyk pudagyny has-da ösdürmek üçin kuwwatly itergi bolar.

Şu ýerde bir zady bellemek gerek, ol hem möhüm desganyň gurlan ýeri--  Mary welaýatynyň Sakarçäge etraby pagta ösdürip ýetişdirmegiň baý tejribesine eýe bolan öňdebaryjy etraplaryň biri bolup durýar. 2014-nji ýylyň möwsüminde bu ýerde suwarymly ýerleriň 45 müň 889 gektarynyň 21 müň 500 gektarynda inçe süýümli we orta süýümli pagta ekildi, ýygnalan hasyl bolsa “ak altynyň” 44 müň 408 tonnasyna deň boldy. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru