Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň at gazanan artisti Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestrine dirižýorlyk eder

10:2323.06.2015
0
3101

Belli başgyrt kuraýe ussady, BR-niň milli saz gurallary orkestriniň çeper ýolbaşçysy Ramil Gaýzullin 23-nji iýunda Maryda, 25-nji iýunda Türkmenabatda bolup geçjek sungat ussatlarynyň konsertlerine gatnaşar. Bu barada “Başinform” habar berýär. Konsertler düýn Türkmenabatda açylan Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde geçiriler we 27-nji iýuna çenli dowam eder.

Russiýanyň at gazanan artisti, Başgyrdystan Respublikasynyň halk artisti Ramil Gaýzullin Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestrine dirižýorlyk eder, şeýle hem kuraýede öz çykyşyny ýerine ýetirer. Çärä Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşar.

“Bu meniň Türkmenistanyň simfoniki orkestrine dirižýorlyk etmekde ilkinji synanyşygym bolar. Biz başgyrt kompozitory Nur Dautowyň “Gyz tansyny” ýerine ýetireris. Şeýle hem men Myrat Ahmedowyň kuraý we orkestr üçin niýetlenen solo-fantaziýasyny ýerine ýetirerin. 27-nji iýunda bolsa biz, çagyrylan myhmanlar doglan gününi belleýän Türkmenistanyň Prezidenti üçin çykyş ederis” — diýip, Ramil Gaýzullin gürrüň berdi.

Konsertlerde, şeýle hem Türkiýeden, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Russiýadan sungat ussatlary gatnaşýarlar diýip, “Başinform” habarlar agentligi belleýär.         

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň