Soňky habarlar

Arhiw

Maryda Döwlet Baýdagynyň beýikligi 100 metre barabar täze sütüniniň açylyş dabarasy boldy

07:2423.06.2015
0
11081

Mary welaýatynyň merkezinde Döwlet Baýdagynyň beýikligi 100 metre barabar täze sütüniniň açylyş dabarasy boldy.

Bu şanly waka aýratyn ähmiýete eýedir. Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilen 2015-nji ýylda türkki dünýäsiniň medeni merkezi Mary şäheriniň merkezinde Türkmenistanyň belent sütünli Döwlet baýdagynyň bina edilmegi türkmen halkynyň mukaddesliklerine – milletimiziň agzybirligini, mertebesini we Watanymyzyň buýsanjyny, onuň taryhyny we şu günki gününi alamatlandyrýan milli Tuguna ägirt uly sarpanyň nobatdaky subutnamasydyr.

Baýdak sütüni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şunuň ýaly belent sütünleri ýurdumyzyň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda bina edilmegini göz öňünde tutýan degişli kararyna laýyklykda ýurdumyzyň gurluşyk kompaniýasy tarapyndan döredildi.

Ol Mary şäheriniň merkezi meýdançalarynyň birinde, Murgap derýasynyň kenarynda dikilip, Ruhyýet köşgi, Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynyň binasy, welaýat kitaphanasynyň binalar toplumy, Gurbanguly hajy metjidiniň belent binasy bilen sazlaşyp, şäheriň keşbine bezeg berýär.

Belent baýdak sütünlerini gurmak –aýratyn inžener-tehniki wezipe bolup durýar. Mary şäherinde bina edilen baýdak sütüniniň taslamasy işlenip taýýarlanylanda, köp ýagdaýlar, şol sanda tebigy ýeliň we seýsmiki täsirler göz öňünde tutulyp, şeýle iri möçberli gurnamanyň berkligini üpjün edýän enjamlar oturdyldy. Onuň depesinde dikilen Baýdagyň agramy ýüzlerçe kilograma ýetýär.

Mälim bolşy ýaly, iň beýik baýdak sütüni 133 metre deň bolup, ol Watanymyzyň paýtagty ak mermerli Aşgabatda bina edildi we 2010-njy ýylda Ginnesiň rekordlar Kitabyna girizildi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň