Türkmenabatda Medeniýet hepdeligi açyldy

07:0723.06.2015
0
6624

22-nji iýunda Türkmenabat şäherinde, Ruhyýet köşgüniň öňündäki dabaralar meýdançasynda Medeniýet hepdeliginiň baýramçylyk açylyş dabarasy geçirildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagy dabara gatnaşyjylar tarapyndan uly üns bilen diňlenildi we dowamly elçarpyşmalar bilen garşylandy.

Soňra sahnada döwrebap türkmen sungatynyň baý mazmunyny açyp görkezen dürli öwüşgünli çykyşlar ýaýbaňlandy. Tomaşaçylar tanymal halk we estrada aýdymçylarynyň, şeýle hem döredijilik toparlarynyň çykyşlaryny dostlukly el çarpyşmalar bilen sylagladylar. Olar bu gün milli sungatyň özboluşly däplerini dowam edýärler.

Agşam S.Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynda Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep – internatynyň “Mukam” skripkaçylar toparynyň hem-de Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň “Bagtyýar” skripkaçylar toparynyň bilelikdäki konserti boldy.

Medeniýet hepdeliginiň birinji gününiň maksatnamasy Lebap welaýat kitaphanasynda belli şahyrlaryň gatnaşmagynda “Bagtyýarlyk ylhamy” atly şygryýet agşamyny hem öz içine aldy.

Ruhyýet köşgüniň öňünde geçirilen dabaralar Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň, ýaş aýdymçylaryň – umumymilli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň, ussat tans toparlarynyň gatnaşmagynda uly çykyş bilen dowam etdi. Bu çykyşlar bu ýere ýygnananlara şatlyk duýgusyny paýlady.

Bu konsert milletiň Lideriniň başyny başlan hem-de ýurdumyzyň medeniýetiniň we sungatynyň ösmegi üçin täze gözýetimleri açan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň özboluşly senasyna öwrüldi.

Daşary ýurtly myhmanlaryň hem gatnaşmagynda geçirilýän bu giň gerimli çäre gumanitar hyzmatdaşlygy, jemgyýetiň, ýurduň, döwletiň durmuşynyň möhüm ugry bolan medeniýet ulgamynda netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmegiň  we berkitmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolup durýar. Hepdeligiň dowamynda boljak wakalar bu ugurda täze gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem türkmen döwletiniň medeni syýasatyny amala aşyrmakda üstünlikleriň giňden wagyz edilmegine hem ýardam eder.

Şol wakalaryň hatarynda 23-nji iýunda açyljak Halkara sungat sergisi bolup, onuň ekspozisiýasy Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ýaýbaňlandyrylar. Diňe Türkmenabatda däl-de, eýsem 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň paýtagty Mary şäherinde hem kinolar we teatr sahnalary, ylmy maslahatlar we döredijilik duşuşyklary, konsertler geçiriler. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmen medeniýeti” we “Ile döwlet geler bolsa…” atly kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasy sabyrsyzlyk bilen garaşylýan wakalaryň birine öwrüler.

27-nji iýunda bellenilýän Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň güni şanly dabaralara beslener.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň