Pekinde “Türkmenistan-Hytaý: Beýik Ýüpek ýoly – dostluk we hyzmatdaşlyk ýoly” atly ylmy maslahat geçirildi

06:4623.06.2015
0
12882

22-nji iýunda Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagtynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasynyň Hytaý halklarynyň merkezi uniwersitetiniň dunganöwreniş ylmy instituty we Pekiniň milli bilim ösüş assosiasiýasy bilen bilelikde guramagynda “Türkmenistan-Hytaý: Beýik Ýüpek ýoly – dostluk we hyzmatdaşlyk ýoly” atly ylmy maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreleriň biri bolan bu wekilçilikli foruma, Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, döwlet ylmy-barlag institutlarynyň we işewürlik düzümleriniň wekilleri, Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçihanasynyň jogapkär işgärleri, belli hytaý alymlary, Hytaýyň daşary ýurtlar bilen dostluk jemgyýetiniň wekilleri, Hytaýyň okuw jaýlarynda bilim alýan türkmen talyplary, ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň açylyşynda bellenilişi ýaly, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň yzygiderli geçirýän oňyn Bitaraplyk we açyk gapylar syýasaty häzirki zamanda halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilip, giň goldawa eýe boldy. Bu strategiýa howpsuzlygy we parahatçylygy pugtalandyrmaga, sebitde we dünýäde durnukly durmuş-ykdysady ösüş üçin şertleri döretmäge, dünýäniň ähli döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilendir. Mundan 20 ýyl ozal Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” Rezolýusiýasy türkmen döwletiniň ösüşiniň täze tapgyrynyň başyny başlady, munuň özi bolsa sebitiň döwletleriniň we onuň çäginden daşardaky döwletleriň üns bilen öwrenmegine mynasyp oňyn tejribäniň toplanandygyny aňladýar. 

Maslahatyň barşynda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň taryhy barada, türkmen-hytaý halklarynyň hormat-sarpa esaslanýan gadymdan gelýän gatnaşyklary hakynda, şeýle hem häzirki döwürde döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary barada tanyşdyrylyş çäresi geçirildi. Hytaý halklarynyň merkezi uniwersitetiniň belli professory jenap Hu Çženhuanyň Köneürgenjiň taryhy barasyndaky çykyşy, şeýle hem Hytaý halklarynyň merkezi uniwersitetiniň professory hanym Minawer Habibullanyň medeni- ynsanperwer gatnaşyklary barasyndaky çykyşlary ýygnananlarda has-da gyzyklanma döretdi.

Bellenilişi ýaly, taryhy müňýyllyklaryň jümmüşinde kök uran Beýik Ýüpek ýoly döwründe köpasyrlyk dostlugyň, ikitaraplaýyn amatly, deň hukukly hyzmatdaşlygyň berk binýadynda gurlan döwletara gatnaşyklary ýyl-ýyldan täze mazmuna eýe bolýar. Bu oňyn işlerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy Si Szinpiniň arasyndaky birek-birege ynanyşmak gatnaşyklary uly ähmiýete eýedir. Soňky döwürde yzygiderli häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn ýokary we döwlet derejesindäki saparlaryň barşynda, taraplar ösen düzümli we kuwwatly serişde binýady bolan iki ýurduň mümkinçilikleriniň doly derejede peýdalanylmagynyň möhümdigini tassyklaýarlar.

Maslahata gatnaşyjylaryň biragyzdan aýtmaklaryna görä, döwletara gatnaşyklaryň ösmegine Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmaga bolan ikitaraplaýyn gyzyklanmasy, şeýle hem bilelikde gazanylan oňyn tejribeler oňat mümkinçilikleri döredýär.  Netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde, milli we halkara ähmiýetli durmuşa geçirilen onlarça uly taslamalar, şol sanda ХХI asyryň giň göwrümli taslamasy, möhüm halkara energetika köprüsi - Türkmenistan-Hytaý gazgeçirijisini görkezmek bolar.

Maslahata gatnaşyjylaryň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky tanyşdyryş çärelerinde bu ulgamdaky hyzmatdaşlygyň häzirki wagtda strategiki derejä ýetirilendigi bellenildi. Häzirki wagtda Hytaý Türkmenistanyň iň iri daşary söwda hyzmatdaşy bolup durýar. Mundan başga-da biziň ýurdumyzyň çäklerinde hytaý maýasynyň gatnaşmagynda bilelikdäki taslamalaryň onlarçasy durmuşa geçirilýär. HHR-iň iri kompaniýalary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň nebitgaz, telekommunikasiýa, ulag ulgamlarynda onlarça taslamalara gatnaşýarlar.

“Bir ýol, bir zolak” ady bilen Ykdysady Ýüpek Ýolunyň döredilmeginiň taslamasynyň çäklerinde türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy  maslahatda garalan meseleleriň biri boldy, onuň esasy wezipeleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara başlangyçlaryna laýyk gelýär. Bu taslama Ýuwaş ummanynyň sebitinde ýerleşýän Aziýa ýurtlarynyň ählisini gurşap alýar we bir zolaga girýän döwletleriň söwda pudagyny ösdürmäge we olara maliýe kömegini bermäge, şeýle hem energetika howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, düzümleri kemala getirmekde, maýa goýum işini giňeltmekde we medeni-innowasiýa alyşmalary pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, gadymy Ýüpek Ýoluny täze görnüşde köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk görnüşinde gaýtadan dikeltmek boýunça biziň ýurtlarymyzyň geçirýän netijeli işiniň ähmiýeti,  häzirki zaman halkara awtoulag, demir ýol we gaz geçirijileriň ulgamyny ösdürmek işleriniň ähmiýeti bellenildi.

Ynsanperwerlik ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup, türkmen we hytaý halklarynyň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda Türkmenistanda, şeýle hem Hytaýda geçirilýän maslahatlara we okuw maslahatlaryna gatnaşmak arkaly döredijilik we ylmy intelligensiýanyň wekillerini alyşmagyň işjeňleşdirilendigi bellenildi. Iki ýurduň alymlarynyň arasynda dürli ugurlar boýunça gatnaşyklar ýola goýulýar. Çykyş edenler bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen, häzirki wagtda HHR-iň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen ýaşlarynyň köp ugurlar boýunça bilim alýandyklaryny bellediler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bu forumda geçirilen netijeli özara pikir alyşmalar türkmen Bitaraplygynyň häzirki döwürdäki barha artýan ähmiýetine göz ýetirilmegine, hususan-da, daşary syýasy başlangyçlary netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrmaga gönükdirilen Türkmenistanyň oňyn tejribesiniň öwrenilmegine ýardam berer diýip ynam bildirdiler. Şonuň bilen birlikde, şu günki duşuşygyň türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň, biziň halklarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginde möhüm sepgit boljakdygy bellenildi.

Pekin şäheriniň Dungan mekdebiniň mejlisler zalynda geçen “Türkmenistan- Hytaý: Beýik Ýüpek ýoly –dostluk we hyzmatdaşlyk ýoly” atly ylmy maslahatyň çäklerinde kitap sergisi guraldy, onda hormatly Prezidentimiziň ylmy işleri, şeýle hem Türkmenistan, onuň gadymy taryhy we medeniýeti, biziň ýurdumyzyň häzirki ýeten sepgitleri baradaky köpsanly neşirler görkezildi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň