Owganystan: urşujy-talyplar parlamente çozuş etdiler, ejir çekenler bar

15:3822.06.2015
0
9717

Owganystanyň parlamentine çozuş edilmegi netijesinde azyndan 21 adam ejir çekdi. Ýaralananlaryň arasynda aýallar we çagalar bar. çozuş üçin jogapkärçiligi talyplar öz üstüne aldylar.

Duşenbe güni ir bilen parlamentiň aşaky palatasynyň deputatlary nobatdaky mejlise ýygnananlarynda janyndan geçen terrorçy binanyň girelgesiniň öňünde özüni partlatdy. Urşujylaryň ýene birnäçesi howpsuzlyk güýçleriniň işgärleri bilen söweşe girdiler. Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň berýän maglumatlaryna görä, çozuş edenleriň altysy ýok edildi.

Polisiýa işgärlerine tüssä gaplanan otagdan parlamentarileri we žurnalistleri çykarmak başartdy.

Apreliň ahyrynda "Taliban" hereketi ýazky çozuşlara başlaýandygyny mälim edipdi. Bu çozuşlaryň esasy nyşanasy daşary ýurt we owgan howpsuzlyk güýçleri, şeýle hem diplomatik we döwlet edaralary bolupdy. Şunlukda, hereketiň ýolbaşçylygy ýönekeý ilat arasynda pidalara ýol berilmeli däldigini duýdurypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň