Geçen hepdede bolan söwdalarda 3 million 190 müň manatdan gowrak geleşikler hasaba alyndy

0
499
4
0

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 53-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Eýrandan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar, yşyklandyryş we tehniki kerosini, dürli görnüşli awtobenzini, dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagyny, jemlenen nebit koksuny satyn aldylar. Beýik Britaniýadan we Owganystandan gelen täjirler göni arassalaýyşdan geçirilen benzini, dizel ýangyjyny (Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody), Hytaýdan gelen işewürler bolsa – tehniki ýody (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurt walýutasyna el halylary, pagta ýagy, nah ýüplük, pagta-süýümi, ulýuk ýerlenildi.           Satyn alan ýurtlar:  Russiýa, Germaniýa, Şweýsariýa, BAE, Türkiýe, Ukraina, Gyrgyzystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 147 million dollaryna  golaý boldy.

Depozit manat serişdesine Pakistandan gelen işewürler toparynyň wekilleri jemi 3 million 190 müň manatlykdan gowrak pagta ýagyny hem-de nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin, jemi 525 müň manatlyk ulýuk satyn aldylar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru