Türkmenistanda üstünlikli geçirilen ýörite işleriň barşynda ele salnan neşe serişdeleriniň 200 kilogramy ýok edildi

10:0821.06.2015
0
4547

20-nji iýunda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesiniň golaýynda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan geçirilen birnäçe ýörite işleriň barşynda ele salnan neşe serişdelerini ýok etmek boýunça çäre geçirildi. Munuň özi neşe serişdeleriniň ulanylyşyna, ýaýradylyşyna we onuň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça Halkara gününe bagyşlanyldy.

Türkmenistanyň Hökümeti, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky neşekeşlige garşy göreş boýunça utgaşdyryjy topar we Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugy tarapyndan guralan hem-de Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugy bilen tassyklanan “Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we seri dumanladyjy serişdeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreş boýunça çäreleriň meýilnamasyna” laýyklykda geçirilen bu çäre häzirki döwrüň howply wehimlerine döwletimiziň we jemgyýetimiziň barlyşyksyz garşy durýandygynyň anyk subutnamasydyr.

Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy düzümleriniň ýolbaşçylary, halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň neşekeşlik we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň, ÝHHG-niň, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri  200 kilogramdan gowrak neşe serişdeleriniň ýok edilişiniň şaýady boldular.

Çäre başlamazdan öňürti oňa gatnaşyjylara dürli ölçegdäki gaplanan, ýörite haltalara salnan neşe serişdeleri görkezildi. Isleg bildirenleriň her biri öz elleri bilen neşe serişdeli gaplary, haltalary  uly göwrümli  ýörite peçlere okladylar. Bu çäräniň başdan- aýak geçişine hukuk goraýjy düzümleriň işgärleri, ýörite ygtyýarly bilermenler gözegçilik etdiler.

Bu çärä gatnaşan daşary ýurtlular onuň ähmiýetini belläp, munuň  Türkmenistanyň parahatçylygyň, durnukly ösüşiň berkidilmegine ygrarlydygynyň, häzirki zamanyň wehimlerine garşy durmak boýunça ählumumy tagallalaryna anyk goşant goşýandygynyň aýdyň subutnamasydygyny nygtadylar. Dünýä jemgyýetçiligi Türkmenistanyň neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygynyň öňüni almaga, bu ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine bolan gyzyklanmalaryny oňlaýar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň