483 — bu Türkmenistanda öndürilen önümiň ştrih-kody

0
1027
17
0

Türkmenistanyň ştrihli kodlaşdyrma boýunça milli guramasy Halkara “GSI” guramasynyň agzalygyna kabul edildi, ýurdumyzda öndürilýän önümlere bolsa degişli ştrih-kod berildi.

Şeýle karar Halkara “GSI” guramasynyň Baş assambleýasynyň Sidneýde (Awstraliýa) geçen mejlisinde gurama agza bolup durýan 111 ýurduň biragyzdan goldamagynda kabul edildi. Ýurdumyzda öndürilýän önümler bolsa 483 sanlar bilen başlanýan ştrih-kod bilen belgilener.

Halkara GSI — “Global Standart” düzümi dünýä bazarynyň önümleriň hilini, bäsdeşligini we hyzmatlaryny dolandyrmagyň wajyp guraly bolup durýar.

Türkmenistany Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň paýly gatnaşmagynda döredilen ştrihli kodlaşdyrma boýunça milli guramanyň 366 agzasy bar.

Ştrihli-kod bilen belgi goýmak boýunça ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň önüm öndürijileri tarapyndan çykarylan haryt önümleriniň 20 müňe golaý görnüşine eýýäm degişli belgileme goýuldy.    

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru