Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ýokary hilli dokma önümleriniň satylyşy 5 esse artdy

15:2620.06.2015
0
4176

Türkmenistanda nah we ýüpek matalarynyň, öýde geýilýän dokma önümleriniň, taýýar egin-eşik önümleriniň dürli görnüşlerini elýeterli bahalardan ilata satmak boýunça  öňden hereket edýän  we täze açylan ýöriteleşdirilen dükanlaryň 30-synyň işleýär. Welaýat söwda merkezlerinde köpugurly dükanlaryň, etrap merkezlerinde, daýhan birleşiklerinde we obalarda söwda bölümleriniň açylmagy bilen bu önümleriň içerki sarp edijilere satylyşy bäş esse artdy. Mundan başga-da, durmuş ulgamynyň edaralary ýurdumyzyň ýokary hilli dokma önümleri bilen doly üpjün edilýär.

Toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň we tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmagyň çäklerinde pudagyň kärhanalary  ýokary netijeli iň döwrebap enjamlaryň ornaşdyrylmagynyň hasabyna Türkmenbaşy dokma we jinsi toplumlarynda hem-de beýleki birnäçe pudaklaýyn kärhanalarynda egirme we tikin önümçilikleri täzelendi. Bu bolsa önümleriň möçberini artdyrmaga we hilini gowulandyrmaga mümkinçilik berdi.

Türkmenistanyň dokma senagaty ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir, onuň önümçilik kuwwatlyklary ýokary hilli we sarp edijileriň isleg bildirýän önümlerini çykarmaga mümkinçilik berýän dünýäniň esasy kompaniýalarynyň iň ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Kärhanalaryň düşewüntliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutup biljek görnüşleri öndürmekde bolşy ýaly, iň döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de önümçiligi dolandyrmagyň usullaryny kämilleşdirmek arkaly eksport ugurly bäsdeşlige ukyply, şol sanda taýýar önümleriň täze görnüşleri özleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň