Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda diplom işlerini goramak tamamlandy

08:5620.06.2015
0
6183

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda diplom işlerini goramak tamamlandy žiwopis we grafika hünärleri boýunça açyk goraglara halk hudožnikleri, sungatda at gazanan işgärler we şekillendiriş sungatyny söýüjiler gatnaşdylar.

17-nji iýunda žiwopis kafedrasy tarapyndan stanok we miniatýura žiwopisine, teatr we kino žiwopisine degişli 12 iş hödürlendi. Diplom işleri sungat ýolunda ilkinji ädimleri ädýän ýaşlaryň çeper döredijilik ymtylyşlaryna göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. Hudaýberdi Annaýewiň, Gylyç Tatowyň, Sapa Pürliýewiň, Arslan Gaýypowyň, Läle Akbaýewanyň stanok işleri realistik sungat akymynda ýerine ýetirilipdir. Umumylyklaryň bardygyna garamazdan, olarda ýaş zehinleriň özboluşly äheňi görünýär. Türkmen folklory bilen baglanyşykly miniatýura žiwopisine degişli işleriň temasynyň hem döwrebapdygyny bellemek gerek. Zehinli talyplar Akmyrat Rozyýew  bilen Gülşat Annamyradowany türkmenleriň gadymdan belli milli toýlary özüne çekse, Döwran Geldibaýewi milli at üstündäki oýunlar gyzyklandyrýar. Rüstem Abdyllaýewiň, Hojaguly Hojagulyýewiň, Döwran Kulyýewiň, Şemşat Annamyradowanyň ýerine ýetiriş äheňleri dürli-dürli bolsa-da, olaryň işlerinde umumylaşdyrylan çeper keşbe ýykgyn etme duýulýar.

Stanok grafikasy, kitap we plokat sungaty ugruna degişli grafika hünäri boýunça ýerine ýetirilen diplom işleri hem özüne çekýär. Stanok grafikasynda Oguljahan Jumaýewanyň türkmen nusgawy şahyrlaryna bagyşlanan işleri aýratyn saýlanýar. Onuň işleri çyzyklaryň dürslügi, hyýaly oýlara baýlygy, tär ajaýyplygy, tehniki kämilligi haýran galdyrýar. Kakageldi Babaýewiň, Aýna Rahmanowanyň, Bezirgen Gurbannurowyň plakatlarynda materialdan ýerlikli peýdalanmak ukyby, temanyň çözgüdini tapmakdaky erkinlik, täsirleriň sadalygy we aýdyňlygy duýulýar. Nurana Açylowanyň, Begenç Orazowyň, Arzygül Ataýewanyň kitap bezegleri bolsa beýan ediş aýratynlygy bilen tapawutlanýar.

Ertesi gün “amaly-haşam sungaty” we “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň uçurymlary öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Toparyň garamagyna hödürlenen zenan we at şaý-sepleri, gobelen we keramika işleri tomaşaçylaryň hiç birini biparh goýmady.

Döwlet synag topary bu ýylyň diplom işlerine ýokary baha berdi. Munuň özi çeperçilik akademiýasynyň täze hünärmenleri taýýarlamakdaky üstünliklerine guwanmaga haklydygyny görkezýär.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň zehinli uçurymlarynyň diplom işleri bilen portalymyzyň okyjylary “fotoreportažlar” rubrikasy arkaly tanşyp bilerler.                

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň