Türkmenistana sebitiň ýurtlarynyň döwletara toparynyň ýolbaşçylygynyň ygtyýarlyklary berildi

0
251
0
0

18-nji iýunda “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Durnukly ösüş boýunça döwletara toparynyň (DÖDK) mejlisi geçirildi. Bu topar daşky gurşawy goramak ulgamynda we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň durnukly ösüşi boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygy utgaşdyrmagy we dolandyrmagy amala aşyrýar. Mejlisiň gün tertibiniň esasy meselesi sebitde iri halkara guramalary bilen ekologiýa meselesi babatda döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň işjeň tarapdary bolup çykyş edýän Türkmenistana 2015-2016-njy ýyllarda DÖDK-niň ýolbaşçylyk ygtyýarlyklaryny bermekden ybaratdyr.

Mejlisiň işine gatnaşan köpsanly daşary ýurtly wekilleriň hatarynda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň daşky gurşawy goramak we tebigatdan peýdalanmak baradaky döwlet düzümleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de esasy hünärmenleriniň wekiliýetleri, halkara guramalarynyň – BMG-niň Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň, BMG-niň daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Sebit ekologiýa merkeziniň, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça german jemgyýetiniň, Ýabany tebigatyň bütindünýä gaznasynyň we beýlekileriň wekilleri bar.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň DÖDK-niň Aşgabatda ýerleşýän Sekretariatynyň we ylmy – maglumatlar merkeziniň ýardam bermeginde geçirilýän bu mejlise  taýýarlyk görmegiň çäklerinde iki günüň dowamynda türkmen paýtagtynda DÖDK-niň  mejlisine gatnaşýan hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerinde hereket edýän ähli wekiliýetleriň bilermenleriniň we wekilleriniň gatnaşmagynda deslapky iş maslahaty geçirildi.

Mejlisde Türkmenistanyň DÖDK-ä başlyklyk etmeginiň meýilnamasy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşky gurşawy goramak meseleleriniň tutuş toplumy boýunça hyzmatdaşlygy sebitde bar bolan we ýüze çykýan ekologiýa meselelerini çözmekde toplanylan oňyn tejribäniň esasynda mundan beýläk-de ösdürmegi hem-de pugtalandyrmagy, sebitiň ýurtlarynyň iri halkara guramalary, ozaly bilen BMG-niň, onuň daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş ulgamynda ýöriteleşdirilen agentlikleri hem-de edaralary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi göz öňünde tutýar.

Şunuň bilen baglylykda, mejlise gatnaşyjylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn syýasaty netijesinde bu ulgamda uly sepgitlere ýetilendigini kanagatlanmak bilen belläp, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden hem-de Rio-de-Žaneýro (Braziliýa) şäherinde geçirilen “Rio-20” Bütindünýä maslahaty, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek boýunça Sendaý (Ýaponiýa) şäherinde geçirilen Bütindünýä III maslahaty we Tegu şäherinde (Koreýa Respublikasy) geçirilen VII Bütindünýä suw maslahaty  ýaly iri halkara maslahatlarynda yglan edilen anyk başlangyçlaryny bellediler. Häzirki döwrüň emele gelen ýagdaýlary bilen baglylykda milli Liderimiziň BMG-niň howandarlygynda ýöriteleşdirilen düzümi – Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjy möhüm ähmiýete eýedir.

Şeýlelikde, DÖDK-niň çözgütleri bilen Türkmenistanyň üstüne ýurtlaryň howanyň üýtgemegi ulgamyndaky mümkinçiliklerine baha bermek boýunça sebit hyzmatdaşlygyny jebisleşdirmek wezipesiniň ýüklenilmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Ýurdumyzda howanyň üýtgemegi bilen bagly Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň kabul edilmeginiň çäklerinde Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak hem-de onuň öňüni almak boýunça Milli meýilnama işlenip taýýarlanylýar, ol howanyň üýtgemeginiň öňüni almagyň we halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň oňa uýgunlaşmagy boýunça çäreleriň ähli ugurlaryny öz içine alar.

Mejlisiň jemleri boýunça durnukly ösüş boýunça sebit hyzmatdaşlygynyň çäklerinde DÖDK-niň iş meýilnamasy tassyklanyldy, şeýle hem suw serişdelerini dolandyrmak hem-de suwuň hiline gözegçilik etmek ulgamynda, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we “ýaşyl, ykdysadyýet” boýunça innowasiýa tehnologiýalary ornaşdyrmak howanyň üýtgemegi hem-de topragyň zaýalanmagy  bilen baglanyşykly meseleler boýunça başlangyçlar babatynda degişli çözgütler kabul edildi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru