Halkara atçylyk sport toplumyna WIPO-nyň abraýly baýragy

15:4919.06.2015
0
1429

“Türkmen atlary”  döwlet birleşiginiň Halkara atçylyk sport toplumy “Intellektual eýeçiliginiň çäginde iň gowy kärhana”  atly  baýraga mynasyp boldy.  Bu abraýly halkara baýragy Intellektual eýeçiliginiň bütindünýä guramasy (WIPO)  tarapyndan döredildi.  Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamynyň bu hökümetara ýöriteleşdirilen guramasy intellektual eýeçilik ulgamynda esasy halkara konwensiýalaryň birnäçesini dolandyrmak bilen meşgullanýar. 

Intellektual eýeçiliginiň bütindünýä guramasynyň Baş direktory Frensis Garriniň  WIPO-nyň baýragyny gowşurmak dabarasynda eden çykyşynda belleýşi ýaly,  bu baýrak Halkara atçylyk sport toplumyna sebitde iň gowy kärhanalaryň biri hökmünde gowşuryldy. Bütin dünýäde meşhurlyga eýe bolan ahalteke bedewlerine uly sarpa goýýan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn üns bermegi netijesinde bu toplum  özüniň esasy işiniň ugry boýunça ajaýyp üstünliklere eýe boldy.

Ştab-kwartirasy Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde ýerleşýän Intellektual eýeçiliginiň bütindünýä guramasy 1967-nji ýylda döredildi. Bu guramanyň esasy maksady ähli ýurtlaryň ykdysady, durmuş we medeni  ösüşiniň möhüm guraly bolup durýan intellektual eýeçiligi netijeli ulanmaga we goramaga ýardam etmekden ybaratdyr. WIPO-nyň işinde  intellektual eýeçilik ulgamynda halkara kanunlary we kadalary işläp taýýarlamaga, intellektual eýeçilige degişli meseleleri milli ösüş maksatnamalaryna goşmaga uly üns berilýär. Türkmenistan 1995-nji ýyldan bäri WIPO-nyň agzasy bolup durýar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň