Soňky habarlar

Arhiw

«LUKOÝL» 1-nji çärýeginde Özbegistanda gözleg we gaz çykaryş üçin 160 million dollar maýa goýdy

18:1018.06.2015
0
3116

Russiýanyň «LUKOÝL» nebit kompaniýasy 2015-nji ýylyň birinji çärýeginde Özbegistanda gözleg we gaz çykaryş üçin 160 million dollar maýa goýdy. Russiýanyň kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, Özbegistanda gözleg we gaz çykaryş işlerine edilen düýpli çykdajy 2014-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda 133 million dollar bolanlygyndan 2015-nji ýylyň birinji çärýeginde 160 million dollara çenli artdy. Ösüş 20,3 göterime deň boldy.

«LUKOÝL» kompaniýanyň Özbegistanda gaz çykarmagy artdyrandygyny belledi. Ýöne ýurtda çykarylan gazyň möçberleri baradaky netijenamany çap etmedi.

Özbegistanda we Azerbaýjanda gaz çykarmagyň artdyrylmagynyň hasabyna daşary ýurtlarda gaz çykarmagyň möçberleri 2014-nji ýylyň birinji çärýegi bilen deňeşdirilende 10,2 göterim artdy.

Häzirki wagtda «LUKOÝL»-yň Özbegistanda üç — SRP — Kandym-Hauzak-Şady-Kungrad taslamalary durmuşa geçirmegiň üstünde işleýändigini, Gissaryň günorta-günbatar ýataklaryny özleşdirýändigini, şeýle hem Aral deňziniň özbek böleginde gözleg-barlag işlerini alyp barýandygyny ýatladýarys. Kompaniýanyň häzire çenli Özbegistanda çykaryp toplan gazy 20 milliard kubometrden-de artdy.

Kompaniýa 2020-nji ýyla çenli Özbegistanda ýylda 17-18 milliard kubometr gaz çykarmagy meýilleşdirýär.

UzDaily.uz     

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň