Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan ýaşaýyş-durmuş derejesiniň hili boýunça Britaniýadan öňe geçdi

12:1618.06.2015
1
4425

Numbeo.com saýty tarapyndan geçirilen onlaýn sowal-jogap alyşlygyň netijeleri Şweýsariýanyň, Germaniýanyň we Şwesiýanyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has ýokary ýurtlardygyna şaýatlyk edýär. Olardan soňky orunlarda ABŞ, Finlýandiýa, Daniýa, Awstriýa, Awstraliýa, Kanada we Täze Zelandiýa ýerleşdiler.

Britan habar beriş serişdeleri çap edilen netijeler bilen tanşyp, Türkmenistanyň 16-njy orny eýeleýän Beýik Britaniýadan bir basgançak öňe geçendigini bellediler.

Sowal-jogap alyşlygyň netijesinde  Şweýsariýada satyn alyjylyk ukybynyň, Ýaponiýada bolsa saglygy goraýşyň iň ýokary derejesi hasaba alyndy.

Netijeler alnanda, howpsuzlyk, saglygy goraýyş, bölek satuw nyrhlary, satyn alyjylyk ukyby, ulag ýagdaýy, howanyň hapalanmagy, gozgalmaýan emläge bahalar ýaly ugurlara garalyp geçildi.

Ýaşaýyş-durmuş derejesiniň hili pes ýurtlaryň arasynda Kamboja, Bangladeş, Müsür, Wýetnam, Mongoliýa, Kuba we Wenesuela bar.

86 ýurduň içinde Russiýa 72-nji, Ukraina bolsa 75-nji orunda ýerleşdi.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň