Aşgabatda täze şäheriçi awtobus gatnawlarynyň on birisi açyldy

0
896
11
0

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabat ýolagçy-awtoulag kärhanasy tarapyndan paýtagtda 61, 62, 63, 64, 65, 66, 67, 68, 69, 70, 72-nji belgili täze şäheriçi awtobus gatnawlary açyldy. Awtobuslaryň hereketiniň ýygylygyna we tizligine gözegçilik GPS gurluşynyň kömegi bilen alnyp barlar.

Aşgabadyň ýolagçy-awtoulag önümçilik trestiniň şäherara ýolagçy-awtoulag kärhanasy tarapyndan bolsa paýtagtdan Baýramaly, Mollagara, Türkmenbaşy we Köneürgenç ugurlary boýunça gatnawlar ýola goýuldy. Şeýle hem günde 2000 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenen täze Halkara awtoterminalyndan paýtagtdan ýurduň islendik ilatly ýerine rahat we tiz baryp bolýar.

Paýtagtyň ýaşaýjylaryna hem myhmanlaryna şäher taksileri hökmünde “Hundai Elantra” ýeňil awtoulaglary hyzmat edýär. Hyzmatyň bu görnüşini günüň islendik wagtynda telefon arkaly hem buýrup bolýar. 2014-nji ýylda ulanylmaga berlen “Berkarar” söwda-dynç alyş merkeziniň hususy taksoparkynyň bardygyny-da bellemek bolar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru