Aşgabatda “Migrasiýa we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk babatda halkara hyzmatdaşlyk” atly sebit maslahaty öz işine başlady

0
766
10
0

17-nji iýunda Daşary işler ministrliginiň mejlisler zalynda “Migrasiýa we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk babatda halkara hyzmatdaşlyk” atly sebit maslahaty öz işine başlady. Ol Türkmenistanyň Hökümeti we Migrasiýa boýunça halkara gurama bilen bilelikde çagyryldy. Duşuşyga Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Owganystanyň wekiliýetleri, Türkmenistanda resmi taýdan bellenilen diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, häzirki wagtda dünýäde bolup geçýän syýasy, ykdysady, durmuş wakalary dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine döwletleriň hem-de iri halkara guramalaryň has ysnyşykly we utgaşykly özara hereket etmegini talap edýär. 13-nji iýunda Aşgabatda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Munuň arasynda geçirilen gepleşikleriň çäklerinde hem şeýle çemeleşmäniň zerurdygy aýratyn nygtaldy. Abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň BMG-niň degişli düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyna hem-de onuň döwrüň wajyp wezipelerini, şol sanda migrasiýa babatda wezipeleri çözmekdäki başlangyçly ornuna ýokary baha berdi.  

Şunuň bilen baglylykda, şu gün Döwlet migrasiýa gullugynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen 361 adama pasportlaryň gowşurylyş dabarasynyň bolandygyny belläp geçmek möhümdir. Türkmenistanyň raýatlarynyň pasportyny alan adamlaryň çykyşlarynda raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini çözmäge berilýän uly üns, olaryň abadançylykly durmuşynyň üpjün edilmegine döredilýän hemme şertler üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy. Bu çäre türkmen döwletiniň ynsanperwer ugurlara hem-de ata-babalarymyzyň päk ahlak ýörelgelerine ygrarlylygynyň, ynsanperwer hukugy ulgamynda öz üstüne alan halkara borçnamalaryna eýerýändiginiň nobatdaky aýdyň mysalyna öwrüldi.

Bu ýere ýygnananlar şu maslahatyň ähmiýeti barada aýdyp, migrasiýa babatda möhüm meseleleri çözmekde netijeli çemeleşmeleri kesgitlemegiň onuň esasy maksady bolup durýandygyny nygtadylar. Bu ugurda dünýä jemgyýetçiliginiň bilelikdäki hereketleri, ilkinji nobatda, dünýäniň käbir sebitlerindäki syýasy durnuksyzlyk, döwletleriň näsaz ösüşi, maliýe-ykdysady çökgünligiň netijeleri ýaly döwrüň kynçylyklaryna garşy durmakda tagallalary birleşdirmegi üpjün etmelidir. Şu alamatlaryň adamlaryň mejbury migrantlar bolmagynda esasy ýagdaýlar bolup çykyş edýändigini belläp, bu ýere ýygnananlar köptaraply hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ähmiýetine aýratyn üns berdiler. Şunda Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň  ýöriteleşdirilen bölümleriniň, Migrasiýa boýunça halkara guramanyň hem-de beýleki abraýly düzümleriň ornunyň häzirki  wagtda möhüm ähmiýete eýe bolýandygy nygtaldy.

Sebitiň migrasiýa işlerinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ornuna bagyşlanan mejlisiň barşynda çykyş edenler häzirki tapgyrda ýurdumyzyň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýändigini bellediler. Şol syýasatda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan berlen Bitaraplyk derejesi öz mynasyp beýanyny tapýar.

Ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklamak ýurdumyzyň dürli döwletler bilen bilelikdäki işiniň esasy ugurlary bolup durýar. Türkmenistan halkara syýasatyň wajyp wezipelerini çözmäge işjeň gatnaşyp, hil taýdan täze çemeleşmeleri öňe sürýär hem-de özini gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen giň hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde yzygiderli çykyş edýän döwlet hökmünde görkezýär. Şunda türkmen döwleti BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerini pugta berjaý etmek  uzakmöhletli parahatçylygy we durnuklylygy gazanmagyň esasy çeşmesi bolup durýar diýen ýörelgä eýerýär.

Ynsanperwer ulgamda, şol sanda migrasiýa babatda hyzmatdaşlyk etmäge Türkmenistan daşary syýasat ugrunyň esasy ýörelgeleriniň biri hökmünde garaýar. Iri halkara guramalar bilen ýakyndan özara hereket edip, adam hukuklary babatda birnäçe esasy maksatnamalara we teswirnamalara goşulyp, şeýle hem BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine Ýetiriji Komitetiniň hemişelik agzasy, Migrasiýa boýunça halkara guramanyň agzasy bolmak bilen, ýurdumyz dünýä möçberli işlerde strategik gatnaşyjy hökmünde orun tutýar. 

Ýurdumyzyň goşulan esasy halkara şertnamalarynyň we maksatnamalarynyň hatarynda BMG-niň “Bosgunlaryň derejesi hakyndaky” Konwensiýasyny we oňa degişli Teswirnamany, şeýle hem BMG-niň “Apatridleriň derejesi hakynda”, “Raýatsyzlygy azaltmak hakynda” Konwensiýalaryny agzamak gerek. Migrasiýa meselelerini milli derejede hukuk taýdan düzgünleşdirmegiň wajypdygyny göz öňünde tutup, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda migrantlaryň, bosgunlaryň we raýatlygy ýok adamlaryň hukuk derejesini düzgünleşdirýän hem-de olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirýän kanunçylyk namalary kabul edildi. Olaryň hatarynda “Migrasiýa hakynda”, “Raýatlyk hakynda”, “Bosgunlar hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryny agzap bolar. BMG-niň bosgunlar boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi hem-de Migrasiýa boýunça halkara gurama bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyk edilmeginiň ýyllary içinde bu babatda wajyp wezipeleri iş ýüzünde çözmäge gönükdirilen onlarça taslamalar we maksatnamalar durmuşa geçirildi.

Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna hem-de türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli ynsanperwer däplerine eýerip, Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan migrantlar, bosgunlar we raýatlygy ýok adamlar üçin hemme şertler döredilýär. Muňa aşakdaky maglumatlar subutnama bolup biler: 2005-nji ýylda 13 müňden gowrak adam hoşniýetli erki esasynda Türkmenistanyň raýatlygyny aldy, şolardan 9 müň 500 töweregi adam bosgunlardyr. Mundan başga-da, 3 müňden gowrak adam   şahsy şahadatnama aldy, olaryň 1 müň 800-si bosgun bolup durýar. Şeýle hem 2011-nji we 2013-nji ýyllarda 4 müň adamyň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilendigi bellenildi. 2014-nji ýylda 786 adam Türkmenistanyň raýaty boldy. Ýokarda agzalyp geçilişi ýaly, şu ýylyň 13-nji iýunynda  Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýene-de 361 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda Permana gol çekmegi bu ugurda nobatdaky ähmiýetli ädime öwrüldi. 

Günüň ikinji ýarymynda geçirilen bölümleriň mejlislerinde çökgünlikleriň öňüni almak boýunça ýurtlaryň strategiýalary we öňdebaryjy tejribeler, migrasiýa we adatdan daşary ýagdaýlar hem-de beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu gün maslahat öz işini dowam etdirer.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru