Soňky habarlar

Arhiw

Bütindünýä banky Merkezi Aziýa ýurtlarynda pensiýa ýaşyny uzaltmagy maslahat berýär

07:2018.06.2015
0
4787

Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýaşy orta hasap bilen ýer ýüzüniň beýleki sebitleriniň ýaşaýjylarynyňkydan 10 ýaş uludyr. Merkezi Aziýa ýurtlary hem ýaş boýunça ýuwaş-ýuwaşdan ýewropa derejesine golaýlaýar. Halkara guramalaryň bilermenleriniň pikirine görä, örän çalt garramak meselesiniň çözgüdi  ilatyň zähmet işjeňligi döwrüniň uzaldylmagynda jemlenýär.

Bilermenleriň pikirine görä, gartaşan adamlaryň sanynyň artmagy we ilatyň zähmete ukyply böleginiň sanynyň azalmagy sebäpli saglygy goraýyş we pensiýa ulgamlarynyň gysajyň astynda galmagynyň mümkindigi barada hem çaklama bar. Eger-de, hökümetler adamlara zähmet bazarynda köpräk saklanmaga mümkinçilik döretseler, onda lukmançylyk we pensiýa gaznalaryna o diýen agram düşmez.

Şeýle hem Bütindünýä bankynyň hasabatynda raýatlaryň garramagynyň çylşyrymly we köptaraply, şol sanda hemişe ýaramaz netijesi bolmadyk häsiýete eýedigi bellenilýär. Bütindünýä bankynyň hünärmenleri jemgyýete “işjeň, sagdyn we netijeli garrylyk” döwrüniň möhletini uzaltmaga ýardam berýän syýasy gurallar diýip hasaplaýarlar. Ýaşlaryň sanynyň azalmagy bolsa, has oňat hilli bilim bermäge, her bir ýaş hünärmene has düýpli serişde goýbermäge mümkinçilik berýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň