Türkmenistanyň futbolçylary Aziýanyň iň gowy toparyndan utuk almagy başardylar

09:1517.06.2015
0
5038

Türkmen futbolçylary Dünýä çempionaty — 2018-iň saýlama oýunlarynyň çäklerinde demirgazyk welaýatyň merkezindäki stadionda Eýranyň ýygyndysy bilen 1:1 oýnady.

Dünýä reýtinginde Aziýanyň iň gowy topary, şeýle hem Aziýanyň 3 gezek çempiony, dünýä çempionatlarynyň 4-siniň final bölegine gatnaşyjy bolan Eýranyň ýygyndysyna 2011-nji ýyldan bäri 62 ýaşly belli portugal tälimçisi Karluş Keýruş ýolbaşçylyk edýär. 1989-njy we 1991-nji ýyllarda Portugaliýanyň ýaşlar ýygyndysyny (20 ýaşa çenli) dünýä çempionlygyna getiren, şonuň ýaly-da şol ýurduň, BAE-niň, GAR-yň milli ýygyndylarynda işlän hünärmen Daşoguzda geçirilen duşuşygyň öň ýanyndaky metbugat maslahatynda öz toparyna ynamynyň uludygyny, Türkmenistana 3 utuk alyp gitmäge gelendiklerini mälim etdi.

Eýranly futbolçylar öz tälimçileriniň ynamyny eýýäm duşuşygyň 4-nji minutynda ödediler, Serdar Azmun hasaby açdy. Türkmen futbolçylaryna garşydaşyň güýçli hüjümlerine garşy durmak, birneme özüne gelmek üçin 15 minut töweregi wagt gerek boldy. Şondan soňra ildeşlerimiz hem hüjümleri geçirip başladylar. 16-njy minutda Serdar Annaorazow güýçli urgyny ýerine ýetirdi. Ýöne derwezeçi Ali Reza Hagigi onuň hötdesinden geldi.

Aradan üç minut geçip-geçmän S. Azmuna ýene iki gezek tapawutlanmaga mümkinçilik boldy. Ýöne urgularyň ilkinjisinde pökgi derwezäniň germewine degip yzyna gaýtsa, ikinji pursatda derwezeçi Nikita Garbunow ussatlygyny görkezdi.

Birinji ýaryma goşulan wagtyň ilkinji minutynda Arslanmyrat Amanow sag gyradan gidip, pökgini jerime meýdançasyna geçirdi. Ruslan Mingazowa bolsa ony boş derwezä gönükdirmek kynçylyk döretmedi. Daşogzuň 10 müň tomaşaçy orunlyk stadiony şatlykdan ýaňa tas ýarylypdy.

Ikinji ýarymda Eýranyň ýygyndysynyň tälimçisi oýna üýtgeşme girizmek maksady bilen üç oýunçy çalşygyny geçirdi. Ýöne biziň futbolçylarymyz elde baryny edip, “D” toparçasynda öňdäki orna dalaşgärlerden utuk almagyň hötdesinden geldiler.

Oýundan soňky metbugat maslahatynda baş tälimçi K. Keýruş biziň toparymyzy mynasyp netije bilen gutlady. Onuň kärdeşi A. Koçumow bolsa örän güýçli garşydaş bilen gazanylan deňligiň ýeňşe bara-bardygyny belledi.

Şu oýundan we Guamyň ýygyndysynyň Hindistanyň ýygyndysyndan 2:1 hasabynda üstün çykanyndan soň, toparlar “D” toparçasynda şeýle tertipde ýerleşdiler:

После этой игры и победе команды Гуама над сборной Индии – 2:1 ситуация в группе «D» выглядит так: 

Öňde boljak oýunlar: 3-nji sentýabr Oman – Türkmenistan we Eýran – Guam.

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

Dünýä çempionaty — 2018. Saýlama tapgyr. Aziýa. 2-nji bölek. "D" toparça.

16-njy iýun. Daşoguz. «Sport toplumy». 10 000 tomaşaçy. 27 gradus С.

Türkmenistan – Eýran – 1:1 (1:1)

Pökgüleri geçirenler: Serdar Azmun, 4 (0:1). Ruslan Mingazow, 45+1 (1:1).

Türkmenistan: Nikita Garbunow, Şöhrat Söýünow, Mekan Saparow, Serdar Annaorazow, Bagtyýar Hojaahmedow, Ahmet Ataýew (kapitan), Umytjan Astanow, Ruslan Mingazow, Artur Geworkýan (Rahymberdi Baltaýew, 90), Serdaraly Ataýew (Guwanç Abylow, 86), Arslanmyrat Amanow.

Eýran: ASli Reza Hagigi, Hosro Heýdari, Ehsan Haji Safi, Hosseýn Kanani, Mehdi Torabi (Mehdi Taremi, 46), Masud Şojai (Omid Ibrahimi, 46), Wahid Amiri (Reza Guçannejad, 66), Worýa Gafuri, Andranik Teýmurýan (kapitan), Pejman Montazeri, Serdar Azmun.

Duýduryş alanlar: Serdaraly Ataýew 27, Arslanmyrat Amanow 50, Serdar Annaorazow 57, Ruslan Mingazow 82, Şöhrat söýünow 86 – Mehdi Taremi, 51.

Duşuşygyň iň gowy oýunçysy: Nikita Gorbunow.

Emin: Jamil Juma Abdulhuseýn Mohamed (Bahreýn).

Kömekçi eminler: Nawaf Şahin Musa, Said Jalal Mahfud Alawi Mohamed (Bahreýn).

Ätiýaçdaky emin: Abdulaziz Ýusuf Abdulaziz Ahmed Abdulla (Bahreýn). Eminleň inspektory: Mohammed Hamid Al-sowil (BAE).

Duşuşygyň komissary: Dawlatmand Islamow (Täjigistan).

Duşuşykdan fotoreportažymyzy synlamagy unutmaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň