Arhiw

Aşgabatda derman serişdelerini goramagyň köp ugurly hukuk we amalyýeti boýunça iki günlük sebitleýin okuw maslahaty açyldy

08:5317.06.2015
0
5366

16-njy iýunda türkmen paýtagtymyzda ýurdumyzyň “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň ukabul edilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlanan derman serişdelerini goramagyň köp ugurly hukuk we amalyýeti boýunça iki günlük sebitleýin okuw maslahaty öz işine başlady. Ony Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Intellektual eýeçiligiň bütin dünýä guramasy we Ýewraziýa patent guramasy bilelikde gurady. Duşuşyga Russiýa Federasiýasyndan, Belorussiýa Respublikasyndan, Ukrainadan, Şweýsariýadan, Gazagystan Respublikasyndan, Azurbaýjan Respublikas yndan, Ermenistan Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Özbegistan Respublikasyndan, Täjigistan Respublikasyndan we beýleki ýurtlardan wekiller gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda derman serişdelerini goramak, dermanlyk serişdelere bolan elýeterliligi üpjün etmek biotehnologiýa we derman senagatynda patentleri ulanmak bilen baglanyşykly çykyşlar boldy.

Okuw maslahatynyň barşynda çykyş eden türkmen hünärmenleri bu ulgamda ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary barada gürrüň berdiler.

Biziň ýurdumyz Intellektual eýeçiligiň Bütindünýä ulgamyna 20 ýyl bäri agza bolmak bilen, Ýewraziýa patent konwensiýasyna goşulan ilkinji döwlet bolup durýar. Şunlukda Türkmenistan bitewi patentiň esasynda goragyň täze   döwletara ulgamynyň döredilmeginiň başyny başlady. Häzirki döwürde Türkmenistan bu Konwensiýanyň, şeýle hem senagat eýeçildigini goramak boýunça Pariž Konwensiýasynyň, Patent Kooperasiýasy hakyndaky Şertnamanyň, söwda nyşanlarynyň halkara hasaba alnyşy hakyndaky ylalaşygyň Madrid teswirnamasynyň, Halkara patent klassifikasiýasy hakyndaky Strasburg ylalaşygynyň,  senagat nusgalarynyň Halkara klassifikasiýasyny esaslandyrmak hakyndaky Lokarn ylalaşygynyň, nyşanlary hasaba almak üçin harytlaryň we hyzmatlaryň Halkara klassifikasiýasy hakyndaky Nissk ylalaşygynyň, nyşanlaryň şekillendiriş görnüşleriniň Halkara klassifikasiýasyny döretmek hakyndaky Wena Ylalaşygynyň doly hukukly gatnaşyjysy bolup durýar. Mundan başga-da, türkmen döwletiniň Edara ediş Geňeşinde, şeýle hem Ýewraziýa patent ynanylany hökmünde hasaba alnan milli ynanylan patentliginde öz wekilleri bar.       

Duşuşyga gatnaşyjylaryň arasynda geçirilen pikir alyşmalaryň barşynda dermanlyk serişdeleriň patent goraglylygynyň we olara bolan elýeterliligiň üpjün edilmeginiň  möhümdigi barada aýdyldy. Dünýä patent ulgamynyň çäklerinde    saglygy goraýyş we bazarlary zerur bolan dermanlyk serişdeler bilen üpjün etmek ulgamyndaky milli syýasatyň kadalaşdyrylmagyna mümkinçilik berýän netijeli gurallaryň ähmiýeti barada aýtmak bilen, okuw maslahatynda çykyş edenler bu mesele boýunça meşgullanýan düzümleriň arasynda gatnaşyklaryň artdyrylmagynyň zerurdygy barada aýtdylar we bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şu gün forum öz işini dowam etdirer. Sebitleýin okuw maslahatynyň çäklerinde duşuşyklary geçirmek meýilleşdirildi. Dermanlyk serişdeleriň patent goraglylygy bilen baglanyşykly hukuk meseleleri duşuşyklaryň baş mowzugyna öwrüler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň