Maryda “Syýahatçylyk – parahatçylygyň ilçisi we gatnaşyklaryň çeşmesi” atly halkara maslahaty açyldy

0
875
0
0

16-njy iýunda Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde “Syýahatçylyk – parahatçylygyň ilçisi we gatnaşyklaryň çeşmesi” atly halkara maslahaty açyldy, oňa dünýäniň 20-ä golaý ýurdundan syýahatçylyk we dynç alyş ulgamynyň hünärmenleri gatnaşýar. Ispaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Rumyniýanyň, Bolgariýanyň, Çehiýanyň, Slowakiýanyň, Russiýanyň, Ukrainanyň, Türkiýäniň, ABŞ-nyň, Awstraliýanyň, Täze Zelandiýanyň, Ýaponiýanyň, Malaýziýanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Pakistanyň, Eýranyň we beýleki ýurtlaryň wekilleri bu ýere ýygnandylar.

2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäreleriň maksatnamasyna laýyklykda guralýan maslahat, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň bu pudagynyň ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilik syýasatynyň we syýahatçylyk, işewür gatnaşyklary giňeltmek nukdaýnazaryndan halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek babatynda ösüşiniň strategiki maksatlaryna we wezipelerine bagyşlanýar.

“Mary” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilýän maslahatyň dabaraly açylyşynda bu duşuşygyň möhüm ähmiýeti nygtaldy, ol Türkmenistan bilen daşary ýurtlaryň dünýä syýahatçylyk pudagynda toplanylan tejribeleri we iň täze işläp taýýarlamalary alyşmaga hem-de özara hyzmatdaşlygy baýlaşdyrmaga we çuňlaşdyrmaga ýardam berer.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanda bäsdeşlige ukyply syýahatçylyk toplumyny kemala getirmek biziň ýurdumyzyň daşary syýasy konsepsiýasynyň we durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Maslahata daşary ýurtly gatnaşyjylar öz çykyşlarynda dürli meselelere: Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek, Türkmenistana syýahat etmäge isleg bildirýänleriň möçberlerini seljermek, bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary guramak, şeýle hem hünär bilimi ulgamynda hyzmatdaşlyk ýaly meseleleriň giň toplumyna degip geçdiler.

Hususan-da, maslahatda BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň Ýewropa maksatnamasynyň utgaşdyryjysy Beka Jakeli, Ýaponiýanyň “JATA” syýahatçylyk agentlikleriniň assosiasiýasynyň wekili, Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministriniň  Türk hyzmatdaşlyk we utgaşdyryjy agentliginiň wekili, Gyrgyz Respublikasynyň, Bolgariýanyň we Rumyniýanyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary, Çehiýanyň Syýahatçylyk we sport akademiýasynyň, Russiýanyň Syýahatçylyk tehnologiýasy institutynyň, Ukrainanyň Poltawa söwda-ykdysady uniwersitetiniň, şeýle hem hususy syýahatçylyk, mahabatçylyk-marketing kompaniýalaryň wekilleri öz çykyşlarynda pudagyň öňünde durýan wezipeleriň giň toplumynyň üstünde durup geçdiler.

Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli toparynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň wekilleriniň giňişleýin maglumatlary maslahata gatnaşýan daşary ýurtly wekillerde uly gyzyklanma döretdi.

Maslahata gatnaşyjylar Mary welaýatynyň taryhy-medeni we ülkäni öwreniş muzeýine, Mary welaýat kitaphanasyna baryp gördüler, belli aýdymçylaryň we folklor-etnografiýa toparlarynyň gatnaşmagynda getirilen çykyşlara tomaşa etdiler, türki dünýäsi-2015-iň paýtagtynyň ajaýyp künjeklerine gezelenç etdiler.

Şu gün maslahat öz işini dowam eder. Onuň çäklerinde syýahatçylyk pudagynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakda taryhy ylmy-barlag işleriniň ähmiýeti, syýahatçylyk düzümleriniň ösdürilmeginiň ugurlary, syýahatçylyk hyzmatlaryna täzeçe çemeleşmeler ýaly meselelere garalar. Şeýle hem ikitaraplaýyn gepleşikleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar, olarda hyzmatdaşlygyň ugurlary we görnüşleri anyklaşdyrylar.

Bu çärelerden ozal bolsa, maslahata gatnaşyjylar üçin “Gadymy Merw” taryhy-medeni goraghanasyna we “Baýramaly” şypahanasyna gezelenç guralar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru