Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde Halkara ylmy maslahat açyldy

11:2013.06.2015
0
14591

12-nji iýunda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly Halkara ylmy maslahat geçirildi. Bu maslahat ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly senä – Ylymlar gününe gabatlanylyp guraldy.

Foruma gatnaşmak üçin Awstriýadan, Belarusdan, Bolgariýadan, Russiýadan, Koreýa Respublikasyndan, Ýaponiýadan we beýleki ýurtlardan, jemi 20-ä golaý döwletden meşhur alymlar türkmen paýtagtyna geldiler. Maslahata ýurdumyzyň ylmy-barlag we pudak edaralarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi hem-de talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahat umumy mejlisden başlandy. Çykyş edenler türkmen topragynda geçirilýän halkara maslahatlara yzygiderli gatnaşmagyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň alymlary bilen bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmegiň özleri üçin ajaýyp däbe öwrülendigini bellediler. 

Türkmenistanyň ylmynyň geljeginiň ýurdumyzyň dünýäniň ylmy giňişligine goşulyşmagy, ylym we tehnologiýalar ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi bilen berk baglanyşyklydygy aýratyn nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiz tarapyndan abraýly halkara guramalary, dürli ýurtlaryň esasy ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berilýär.

Özlerini gyzyklandyrylýan meseleler boýunça pikir alyşmalardan başga-da, daşary ýurtly myhmanlar  Ylymlar gününe bagyşlanan dürli dabaralara – Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabarasyna, Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertine gatnaşmaga hem mümkinçilik aldylar.

Şu gün maslahat öz işini bölümlerde dowam etdirer. Tehnologiýalar merkezinde  “Täze senagat –innowasion tehnologiýalar”  mowzugy boýunça mejlis geçiriler. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ekologiýa we biotehnologiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde “Lukmançylyk ylmynda we derman öndürmekde innowasion tehnologiýalar”  bölümi işlär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň taryh institutynda bolsa alymlaryň çykyşlary ynsanperwer ylymlar we halkara gatnaşyklary bilen baglanyşykly bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň