Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça her ýylda geçirilýän bäsleşigiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy

09:5313.06.2015
0
4270

12-nji iýunda Ylymlar güni mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça her ýylda geçirilýän bäsleşigiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy. Ony Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy gurýar.

Abraýly ylmy bäsleşige gatnaşýanlaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Şu ýyl oňa ylmyň obasenagat toplumynda innowasion tehnologiýalar, ekologiýa we tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak, energetika, ýangyç we olary tygşytly ulanmak, gurluşyk, binagärlik we seýsmologiýa, lukmançylyk we derman serişdeleriniň önümçiligi, maglumat we telekeommunikasiýa tehnologiýalary ýaly ugurlar boýunça öz işläp taýýarlamalaryny hem-de barlaglaryny hödürleýän ýaşlaryň 897-si gatnaşdy.

Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly elçarpyşmalary astynda ylmy bäsleşigiň ýeňijilerine döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan hormat diplomlary we sowgatlar gowşuryldy. Ylmy bäsleşigiň ýeňijileri ýurdumyzyň ýaşlary hakynda yzygiderli alada edýändigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine güýç-gaýratlaryny, zehinini we bilimini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Ylym pudagynda we täze tehnologiýalar ulgamynda ýaş alymlaryň oňyn döredijilik gözleglerini äşgär edýän sergi dabara gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekdi. Olaryň ýerine ýetiren ylmy işleri uniwersitetiň eýwanynda ýaýbaňlandyryldy. Mundan başga-da sergide kitap neşirleri we ylmy işleriň ýygyndylary, şeýle hem dürli gurnamalaryň we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamyndaky açyşlaryň, himiýa önümleriniň innowasion tehnologiýalary, Garagumyň çägelerinden  gurluşyk serişdelerini we kremnini almagyň aýratynlyklary, Türkmenistanyň dürli künjeklerinde ösýän ösümlikleriň esasynda dermanlyk serişdeleriň täze işläp taýýarlamalary görkezildi.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilen dabara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň bilelikdäki aýdym-sazly çykyşlary bilen tamamlandy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň