Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti ilkinji Ýewropa oýunlary — 2015-iň açylyş dabarasyna gatnaşdy

07:5413.06.2015
0
4126

12 iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Baku şäheriniň Olimpiýa stadionyna tarap ugrady. Ol ýerde Ýewropa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi.

Büýüg-Şor kölüniň kenarynda ýerleşýän bu ägirt uly köpugurly desga 2015-nji ýylyň 6-njy martynda açyldy. Onuň eýeleýän meýdany 50 gektara barabar bolup, alty gatly toplumyň beýikligi 62 metrdir. Toplum 70 müňe golaý tomaşaça niýetlenendir. Bu ýerde 2015-nji ýylyň I  Ýewropa oýunlarynyň çäklerinde ýeňil atletika boýunça bäsleşikler geçiriler we oýunlaryň ýapylyş dabarasy bolar.

“Baku-2015” ilkinji Ýewropa oýunlarynyň Guramaçylyk komiteti tarapyndan köp ýurtlar bilen göni alyp görkezmek baradaky ylalaşyklara gol çekdiler. Türkmenistanyň milli telewideniýasynyň sport ýaýlymy hem şu gün Ýewropa oýunlaryndan göni gepleşikleri görkezip başlady. Bu ýaryşlara ýurdumyzyň meýletinçiler topary gatnaşýar.

Bakudaky Ýewropa oýunlarynyň açylyş dabarasy azerbaýjan halk sazlaryny – mukamlary ýerine ýetirmekden başlandy. Nagaranyň sazlaşykly owazy astynda 24-den 0-a çenli yzyna wagt hasaplamasy geçirildi. Munuň özi Azerbaýjanyň garaşsyzlygynyň 24 ýyllygyny alamatlandyrýar. Biraz salymdan soň meýdança azerbaýjan halylarynyň nagyşlary bilen örtülýär. Bu nagyşlary stadionyň meýdançasynda tansçylaryň müňlerçesi “çekdiler”.

Kabul edýän tarapyň ýokary derejedäki ýolbaşçylarynyň gutlagyndan soň, stadionda Azerbaýjanyň senasy ýaňlanýar. Soňra Ýewropa oýunlarynyň alawyny ýakmak dabarasy boldy. Bu alaw müňden gowrak türgeniň we ýüzden gowrak ulag serişdeleriniň gatnaşmagynda ýurduň  şäherleri we etraplary boýunça uzak ýoly geçip, şu stadiona getirildi. Alawyň geçen ýolunyň umumy uzynlygy 5,5 müň kilometrden gowrakdyr.

  “Bakuw-2015” oýunlarynyň nyşanlary Jeren we Nardyr. Nar bu oýunlaryň owadan logotipinde hem şekillendirilipdir. Logotip özüne bäş nyşany – alawy, suwy, Symrug guşuny, haly gölleriniň şekilini we Azerbaýjanyň esasy miwesi bolan nary birleşdirýär. Stadionyň ýokarsynda gaýyp ýören ägirt uly nar açylýar we ondan bişen nar dänelerini ýatladýan howa şarlary çykýar.

Soňra däp boýunça bäsleşige gatnaşýan ýurtlaryň baýdaklarynyň astynda türgenleriň dabaraly ýörişi başlanýar. 28-nji iýuna çenli dowam etjek bu oýunlara dünýäniň 49 ýurdundan 6 müňden gowrak türgen gatnaşýar. Bäsleşikler mahalynda sportuň 20 görnüşi boýunça medallar ugrunda güýç synanyşylar. Şolaryň 12-sinde türgenler Olimpiýada –2016-a gatnaşmaga hukuk gazanmak ugrunda göreşerler. Olaryň hatarynda sportuň boks, göreş, welosporty, woleýbol, dzýu-do, ýeňil atletika, stoluň üstünde oýnalýan tennis, suwda ýüzmek, tüpeň atmak, peýkam atmak, triatlon we taekwando ýaly görnüşleri bar.

Soňra olimpiýa çempionlarynyň bir topary, dünýäde meşhur türgenler stadiona Ýewropanyň Olimpiýa komitetiniň baýdagyny çykarýarlar.  Oýunlaryň açylyş dabarasyna şüweleň ulgamynyň dünýä derejesindäki ýyldyzlary hem gatnaşdylar. Köp öwüşgünli dabaranyň ahyrynda bu agşama gatnaşýan ýerine ýetirijileriň müňlerçesi bir ýere jemlendiler we milli azerbaýjan ýally tansyny ýerine ýetirdiler.

Şu pursatlarda Baku şäheriniň asmanynda köp öwüşginli feýerwerk yşyklary peýda boldy. Ol sport ýaryşlaryna, ýeňişlere bolan pursatlaryň başlanýandygyny alamatlandyrdy.

Mundan başga-da Ýewropa oýunlarynda uly medeni maksatnama meýilleşdirildi. Tutuşlygyna alnanda bu giň möçberli waka ýurduň ykdysady, medeni durmuşyna we syýahatçylyk pudagyna oňyn täsirini ýetirer. Şeýle hem ol dürli maksatly halkara gatnaşyklarynyň işjeňleşmegini şertlendirer we dostlukly, işewür gatnaşyklaryň ösdürilmegine, dünýäniň halklarynyň arasynda birek-birege ynanyşmak we düşünişmek gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyny şertlendirer. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň