Soňky habarlar

Arhiw

Bakuda Azerbaýjanyň Prezidenti tarapyndan döwlet Baştutanlaryny kabul etmek dabarasy boldy

07:1113.06.2015
0
1946

Geýdar Aliýew merkezinde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan döwlet Baştutanlaryny, dürli ýurtlaryň hökümet wekillerini we beýleki hormatly myhmanlary resmi kabul etmek dabarasy boldy.

Belent mertebeli myhmanlaryň hormatyna guralan kabul edişlikde söz sözlemek bilen, Ilham Aliýew ýurduň ilkinji Ýewropa oýunlaryny ýokary derejede geçirmek üçin ähli tagallalary edendigini, bildirilen  hormata abraý bilen hötde gelmek ugrunda zerur çäreleriň görlendigini belledi. Bu sport wakasynyň diňe bir Ýewropa üçin däl, eýsem tutuş yklym we dünýä üçin ägirt uly ähmiýeti bardyr, şeýle hem onuň bäsdeşlik häsiýetiniň bardygyna garamazdan, bu ýaryşlar adamlary we halklary birikdirýär, bilelikde ägirt uyl üstünlikleri gazanyp boljakdygyny äşgär edýär.

Resmi kabul edişlikde ilkinji Ýewropa oýunlary barada wideorolik görkezildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň