Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň ylmynyň gelejekki ösüşine ýardam bermäge niýetlenen Karara gol çekdi

06:2812.06.2015
0
3894

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň ylmynyň gelejekki ösüşine ýardam bermäge niýetlenen “Türkmenistanda innowasiýa işini ösdürmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky” Karara gol çekdi.

Bu maksatnama milletiň Lideriniň bellikleri we teklipleri nazara alnyp, degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy. Onuň baş maksady ylmy tehnologiýa pudagyndaky möhüm ugurlarda ylmy barlaglaryň derejesini hil taýdan täze belentlige çykarmakdan, önümçilige ylmyň gazananlarynyň  netijeli ornaşdyrylmagyna ýardam bermekden, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmakda täzeçil tehnologiýalaryň esasy ornuny üpjün etmekden ybaratdyr.

Şeýle hem bu maksatnama umumydöwlet innowasion ugurdaky ylmy barlaglaryň maksatnamalaryny we meýilnamalaryny utgaşdyrmaga, degişli düzümleriň kämilleşdirilmegine we ösdürilmegine, pudakda halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilendir. Ony durmuşa geçirmek boýunça  çäreleriň meýilnamalarynyň ýerine ýetirilmegi degişli kanunçylyk we kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň berkidilmegini, ylmy hem-de innowasion işlere hemmetaraplaýyn goldaw berilmegini, oňa ýaşlaryň giňden çekilmegini, önümçilik we işewür ulgamy bilen ylmyň hem-de bilimiň gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyny şertlendirer. Ýurdumyzda innowasion mümkinçilikleriň artdyrylmagy, öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda işleýän täze senagat kärhanalarynyň döredilmegi üçin ähli şertler üpjün ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň