Soňky habarlar

Arhiw

Sýurihde türkmen-şweýsar işewürlik maslahaty geçirildi

23:2811.06.2015
0
2486

Sýurihde söwda-ykdysady gatnaşyklary, işewür aragatnaşyklary hem-de ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam etmäge gönükdirilen iki günlük Türkmen-şweýsar işewürlik maslahaty geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň birnäçe pudaklaýyn ministrlikleriniň we  edaralarynyň, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar. Şweýsar tarapyndan döwlet düzümleriniň hem-de nebitgaz, elektroenergetika, gurluşyk-binagärlik, maşyngurluşyk, demir ýol pudaklarynda, maglumat-tehnologiýalar, halkara ýük daşamak, azyk senagaty ulgamlarynda işleýän 30 töweregi kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda şweýsar kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, geljegi uly türkmen bazarynda bolmagyny giňeltmäge, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň halkara goldawyna eýe bolan iri möçberli döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga ýokary gyzyklanmalary nygtaldy.

Maslahatda esasan Türkmenistanyň senagatyna öňdebaryjy tehnologiýalary we enjamlary ornaşdyrmak, düzümleýin we gaýtadan işleýän ulgamlarda özara gatnaşyk etmek ýaly meselelere garaldy. Şol meseleler ikitaraplaýyn duşuşyklarda anyklaşdyrylyp, teklipler jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, ýangyç-energetika toplumynda, dokma senagatynda, gurluşykda, azyk senagatynda, ylmy-amaly barlaglarda we beýlekilerde täze tehnologik çözgütler hem-de hyzmatlar hakynda gürrüň edildi.

Şweýsariýanyň mehanika we elektrotehnika senagaty assosiasiýasynyň, “ABB Schweiz” kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşykda özara hereket etmegiň täze mümkinçiliklerine garaldy. Olar transformator podstansiýalaryny taslamak we gurmak boýunça hyzmatlaryny teklip etdiler.

“Genomed” kompaniýasy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen gen inženeriýasy ulgamynda, has takygy, gen keselleriniň irki ýüze çykarylyşy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirdi. 

Köpri gurluşygynda “Magebanyň” önümi bolan seýsmodurnukly metal gurnamalary peýdalanmagyň, awtomobil we demir ýollaryny, uçuş-gonuş zolaklaryny, ýerasty geçelgeleri, suw böwetlerini, köprüleri (“Walo” kompaniýasy) bina etmekde tehnologik taýdan gatnaşyk etmegiň mümkinçilikleri, halkara ýük daşalyşyny guramak (“Asstra Associated Traffic AG”), ýörite tehnikany we kompressor enjamlaryny, şol sanda suwasty, nebitgaz senagaty üçin (“MAN Diesel & Turbo Shweiz AG”) enjamlary getirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Stadler” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşykda ýurdumyzyň demir ýol binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Kompaniýanyň Bussnag we Wintertur şäherlerindäki zawodlarynda türkmen hünärmenleri dizel elektrik otlularynyň gurluşy hem-de olary peýdalanmagyň artykmaçlyklary bilen tanyşdylar.

Azyk senagaty pudagynyň ugry boýunça geçirilen gepleşiklerde şweýsar işewürleri hem-de maýadarlary ýurdumyzda bina edilmegi meýilleşdirilen süýji-köke öndürjek fabrigiň we azyk önümlerini çykarýan beýleki kärhanalaryň önümçiliklerini bina etmäge we guramaga, şeýle hem önümleri ýewropa bazarlaryna çykarmaga gatnaşmaga çagyryldy.

Maslahatyň çäklerinde käbir şweýsar kärhanalaryna saparlar guraldy. Şol kärhanalaryň hatarynda nebitgaz pudagynda ýöriteleşýän “Burckhardt  Compression” hem-de “Sulzer Chemtech” kompaniýalary, awtomobil we demir ýollaryny, ýerasty desgalaryny gurmakda ýöriteleşen “Walo Bertschinger”, Ýewropanyň öňdebaryjy, dizel-generator enjamlaryny we beýleki abzallary çykarýan “MAN Diesel & Turbo Shweiz AG” kompaniýalarynyň önümçilikleri bar. Türkmen hünärmenleri olaryň tehnologiýa ugurlary bilen tanyşdylar, ylmy-barlag merkezlerine baryp gördüler hem-de kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen täjirçilik tekliplerini ara alyp maslahatlaşdylar. 

 Işewür duşuşygy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Şweýsariýa — Russiýa — GDA bilelikdäki Söwda edarasy, şeýle hem Sýurihiň Söwda-senagat edarasy we Şweýsariýanyň paýtagtynyň häkimligi tarapyndan guraldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň