Aşgabady gurmagyň 13-nji nobatdakysynyň gurluşygy tamamlanyp barýar

17:1611.06.2015
0
4272

Aşgabady ösdürmegiň 13-nji nobatdakysynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam goýdy.

Aşgabady ösdürmegiň 13-nji tapgyrynyň çäklerinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan dürli edaralaryň buýurmalary boýunça edara binalarynyň, belent ýaşaýyş jaýlarynyň onlarçasy gurulýar.

Paýtagtymyzy ösdürmegiň 13-nji nobatdakysynyň çäklerinde Oguzhan şaýolunyň ugrunda onlarça edara binalary we dürli düzümleriň buýurmalary esasynda bina edilýän belent ýaşaýyş jaýlary gurulýar.

Täze gurluşyk düzüminiň hatarynda her biri 600 orunlyk iki sany umumybilim berýän mekdebiň, iki çagalar bagynyň, saglyk öýüniň, söwda-dynç alyş merkeziniň, söwda hem-de hyzmatlar merkezi bolan 200 orunlyk iki sany köp gatly awtoduralganyň, durmuş hyzmatlary kärhanasynyň bardygyny bellemek gerek.

Bu taslama ýurdumyzyň baş şäherinde gurluşyk we abadanlaşdyryş işleriniň giň gerime eýedigini alamatlandyrýar. Munuň özi Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň döwlet ösüş strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň anyk netijeleridir. Bu bolsa halkymyzyň, her bir maşgalanyň we her bir raýatyň abadançylygyny we bagtyýarlygyny ugur edinýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.        

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň